Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran Türkmenistany halkara arbitraž suduna berjegini aýdýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (S) türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen görüşýär. Tähran, 23-nji noýabr, 2015

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň 4-nji ýanwarda, Tährandan ýaýradan beýanatynda Türkmenistan bilen arada dörän gaz dawasynyň halkara arbitraž sudunda çözülmeli boljakdygy aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 3-nji ýanwarda, Eýrana iberilýän gazyň berilmedik bergi sebäpli togtadylýandygyny aýdyp, ýörite beýanat ýaýratdy.

Eýran tarapy «Türkmengaz» bilen arada dörän maliýe we kanun dawasynyň diňe Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bilen «Türkmengazyň» arasynda çözülmeli meseledigini, Türkmenistanyň syýasy häkimiýetleriniň bu iki tarapa öz dawalaryny bar bolan şertnamanyň we söwda prinsipleriniň çäginde çözmäge rugsat bermelidigini ýatladýar.

Türkmen DIM-iniň iki kompaniýanyň arasyndaky kanunçylyk dawasyna goşulmagy dowam edýän şertnamanyň düzgünleriniň açyk bozulmagy bolup durýar diýip, beýanatda bellenilýär.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy soňky ýyllarda «Türkmengaza» tölemeli 4.5 milliard dollardan gowrak bergisini dürli ýollar arkaly we gowy niýet bilen üzendigini aýdýar.

Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, Türkmenistan Eýrandan 2007-2008-nji ýyllarda beren gazy üçin tölemedik 2 milliard dollar çemesi algysyny talap edýär.

Aýdylmagyna görä, tölenmedik bergiler sanksiýaly ýyllara degişli we göni töleg etmek mümkinçiligi çäklendirilen hem bolsa, türkmenlere harytlar we hyzmatlar görnüşinde düýpli möçberde töleg edildi.

Mundanam başga, eýran kompaniýasy «Türkmengazyň» bergileri üzmek baradaky gepleşikleriň çäginde şertnamanyň köp düzgünini bozandygyny we olar üçin, baglaşylan ylalaşyga görä, jerime tölemeli boljakdygyny aýdýar.

Şeýle-de, eýran kompaniýasy iki tarapyň arasynda dörän dawany çözmek üçin ýeke-täk çykalgany ýüzbe-ýüz gepleşiklerde görendigini, emma türkmen kompaniýasy bilen onlarça sagatlap geçirilen gepleşikleriň kanagatlanarly netije bermändigini, şu sebäpden hem meseläni halkara arbitraž suduna çykarmaly bolýandygyny aýdýar.

Eýran kompaniýasynyň aýtmagyna görä, şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda, hatda gaz üçin tölegler gijigen halatynda hem «Türkmengazyň» gaz akdyrmagy kesmegine rugsat berilmeýär we gazyň kesilmegi şertnamanyň gödek bozulýandygyny hem-de türkmen tarapynyň halkara transaksiýalary üçin ynamdar hyzmatdaş däldigini görkezýär.

Iki goňşy ýurduň arasynda 2007-2008-nji ýyllaryň gazy üçin berilmedik 2 milliard dollar çemesi bergi üstünde turan dawa, Aşgabatda barýan kyn gepleşikler we ahyrynda gelýän 5 ýyl üçin baglaşylan ylalaşyk barada eýran metbugatynda yzygiderli habar berildi. Emma türkmen metbugaty, DIM-iň 3-nji ýanwardaky beýanatyna çenli, bu gepleşikler barada dymmagyny dowam etdirdi.

www.naturalgasworld.com saýtynyň baş redaktory Jon Robertsiň pikirine görä, Türkmenistanyň bu dawa öz düşündirişiniň bolmazlygy Aşgabadyň näme üçin birden beýle kesgin hereket edendigine düşünmekde kynçylyk döredýär. Şol bir wagtda ol Eýranyň, täze ylalaşyk baglaşylanyna 24 sagat hem bolmanka görlen gaz kesme çäresine şantaž, gorkuzyp pul almak synanyşygy hökmünde garajakdygyny belleýär.

Türkmenistan üçin 'örän çynlakaý' ýagdaý

Mundanam başga, ekspertiň pikirine görä,bu emele gelen ýagdaý Türkmenistan üçin hakykatdanam örän çynlakaý we bu olaryň gaz bazarynyň şertlerine düşünmeýändigini görkezýär.

Roberts gaz bazarynyň alyjynyň bazarydygyny, bu ýerde öndürijiniň däl-de, alyjynyň eliniň güýçlüdigini aýdýar. Onuň pikirine görä, Türkmenistan bu ýerde diňe gaz söwdasynyň dowam edip-etmezligini däl, eýsem geçen ýylyň iýunynda baglaşan şertnamasynyň geljegini hem töwekgellige salýar. Bu şertnama astynda Türkmenistan Eýrana barter şertlerinde 30 milliard dollarlyk gaz satmalydy.

Jon Robertsiň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Tähran bilen Aşgabadyň arasynda dörän oňşuksyzlygyň bir netijesi Eýranyň demirgazyk-gündogarynda türkmen gazyna garaşly bolan adamlaryň örän sowuk gyşy geçirmegi bolsa, beýleki netijesi indiki ýyl Eýranyň bu ýerlere gaz ibermek mümkinçiliginiň gowulandyrylmagy bolar.

Mundan öň «Türkmengaz», baha-nyrh we bergi dawalary üstünde Hytaýdan soňky ikinji uly gaz alyjysyny, Orsýetiň «Gazpromny» ýitiripdi.

Metbugat habarlaryna görä, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz geçirijisi 1997-nji ýylda guruldy.Gaz geçirijiniň ikinji şahamçasy 2010-njy ýylda tamamlandy we Türkmenistanyň Eýrana gaz ibermek mümkinçiligi ýylda 12 milliard kub metre ýetdi diýip, AP habar gullugy ýazýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG