Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: ‘Saýlaw’ saýty açyldy, dalaşgärler hökümeti tankytlamaýar


Saýlaw gutulary
Saýlaw gutulary

Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna bagyşlap, ýörite websaýty ýola goýdy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde maglumatlar ýerleşdirilen bu sahypanyň saýlaw kampaniýasy döwri informasiýa goldawyny üpjün etmegi maksat edinýändigi, şeýle-de onda degişli kanun-namalarynyň, syn we habar görnüşli maglumatlaryň ýerleşdirilendigi nygtalýar.

Emma 4-nji ýanwar güni bu saýtda ýokarda wada berlen maglumatlaryň aglabasynyň tapdyrmaýandygy bilen birlikde, prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba alnan kandidatlar, olaryň maksatnamalary dogrusynda-da hiç hili material ýerleşdirilmändir.

Ýeri gelende ýatlatsak, geçen dekabryň 26-na türkmen mediasy prezidentlik saýlawlaryna jemi dokuz dalaşgäriň, ýagny:

  • Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýewiň,
  • Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň,
  • Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň,
  • Ahal welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň,
  • “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň,
  • Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýewiň,
  • Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyyň,
  • Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesowyň,
  • Demokratik partiýadan, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hasaba alnandygyny mälim edipdi.

Hasaba alyş tapgyryndan soň, kandidatlaryň raýatlar bilen duşuşyklary, şeýle-de ýerli media arkaly agitasiýa kampaniýalary başlanmalydy.

Emma şol pursat G. Berdimuhamedow teleýaýlymlarda özüne berlen wagty beýleki dalaşgärleriň peýdalanmagyna berýändigini yglan etdi. Häzire çenli bolsa, hasaba alnan dalaşgärleriň diňe dördüsiniň, şu ýylyň hasabyna bolsa diňe biriniň (Gurbanow) öz maksatnamalary bilen eden birnäçe minutlyk çykyşlary görkezildi.

Şol bir wagtda, ýurduň içindäki synçylar prezidentlige dalaş edýänleriň çykyşlarynda häzirki hökümetiň syýasatyny tankytlaýan, şeýle-de halkara adam hukuk goraýjy toparlarynyň ünsi çekýän: ýurtdaky adam hukuklarynyň çäklendirilmegi, parahorluk, ykdysady çökgünlik, azat medianyň ýoklugy ýaly ýagdaýlar dogrusynda kelam agyz söz aýtmaýandygyny nygtaýarlar.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew häzire çenli çykyş eden dalaşgärleriň ählisiniň ýurduň “dowamly ösýändigini” öňe sürýändigini aýdýar. “[Dalaşgärleriň] ählisiniňki birmeňzeş programma: ‘Bagtyýar ýurdy has özgertmeli, mundanam bagtyýar etmeli. Esasy mazmun şol” diýip, Bugaýew belledi.

Galyberse-de, Täze ýylyň öňüsyrasynda maksatnamasy bilen çykyş eden dalaşgärleriň üçüsi-de (Annaýew, Atalyýew, Durdyýew) ýurduň häzirki baştutanyna “Hormatly prezidentimiz” diýip, ýüzlenip, ony Täze ýyly bilen aýratyn gutlapdylar.

Şol bir wagtda, ýerli synçylar prezidentlige dalaş edýänleriň ilat arasynda onçakly köp tanalmaýandygyny, olaryň häzire çenli saýlawçylar bilen nähilidir bir duşuşyklary geçirendigi barasynda hem maglumatlaryň ýokduguny aýdýarlar. Şeýle-de, olar häzirki ýurt baştutanynyň, hiç hili bäsleşiksiz, üçünji möhlete prezident saýlanjakdygyny çaklaýarlar.

Ýatladyp geçsek, Berdimuhamedow ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň geçirilen 2007-nji ýyldaky saýlawlarda, alty dalaşgäriň arasynda, sesleriň 89%-ni; 2012-nji ýylda bolsa, sekiz dalaşgäriň arasynda, sesleriň 97%-ni alyp, ýeňiş gazanypdy.

Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

XS
SM
MD
LG