Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Trampyň kandidatlary Orsýet babatynda berk çemeleşmegi goldaýar


Pentagonyň ýolbaşçysy wezipesine hödürlenen Jeýms Mattis

Donald Trampyň administrasiýasynda ýurduň milli howpsuzlygyny goramak boýunça iki möhüm wezipä teklip edilen kandidatlar Orsýet Birleşen Ştatlaryň we Ýewropanyň institusiýalaryny sandan çykarmaga synanyşýar diýip, harby we aňtaw işlerinde Moskwa garşy agressiw çemeleşmegiň tarapyny çaldylar.

Tramp tarapyndan degişlilikde Petagonyň we Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) ýolbaşçylygyna hödürlenen Jeýms Mattis bilen Maýk Pompeonyň beýanatlary 8-nji noýabrda respublikanlaryň kandidaty hökmünde prezident saýlanan Trampyň saýlaw kampaniýasynda Moskwa barada eden barlyşykly beýanatlaryna gapma-garşylykda durýar.

12-nji ýanwarda Senatyň tassyklaýyş diňlenişiginde kandidatlaryň ikisi-de Orsýeti halkara sahnasynda Birleşen Ştatlaryň berk gaýtawuly bilen ýüzbe-ýüz bolmaly agressiw aktýor diýip häsiýetlendirdiler.

Deňiz korpusynyň öňki generaly bolan Mattis Senatyň ýaragly gulluklar komitetine Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin NATO ýaranlygyny dargatmaga synanyşýar, Waşington Orsýetiň bu hereketine garşy durmaly diýdi.

66 ýaşly Mattis Orsýetiň “strategik bäsdeşligi” saýlap alandygyny belläp, özüniň Moskwa bilen hyzmatdaşlyk etmäge garşy däldigini aýtdy. Ýöne Birleşen Ştatlar Orsýetiň niýetlerini we hereketlerini gözden sypdyrmaly däl.

Amerikanyň bähbitlerine abanýan esasy howplar barada soralanda Mattis: “Meniň pikirimçe esasy howp Orsýetden başlanýar” diýip jogap berdi.

2001-nji ýylda Owganystana we 2003-nji ýylda Saddam Huseýni agdarmak üçin Yraga edilen çozuşda deňiz pyýada goşunyna ýolbaşçylyk eden Mattis: “Orsýet bilen hyzmatdaşlyk edilmeli ugurlar gitdigiçe azalýar, oňa garşy durulmaly ugurlaryň sany bolsa barha köpelýär” diýdi.

Diňlenişikde senator Jon MkKeýn özüniň golaýda üç Baltika döwletine eden saparyna salgylanyp, ol ýerdäki liderleriň ondan Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň regionda hemişelik bolmagyny goldamagyny haýyş edip sorandyklaryny aýtdy.

Orsýetiň 2014-nji ýylda ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdirmegine jogap edip, Birleşen Ştatlar ýanwardan başlap, Gündogar Ýewropada öz esgerlerini ýerleşdirmäge başlady.

MkKeýn Mattisden amerikan esgerleriniň üç ýurtda, ýagny Estoniýada, Litwada we Latwiýada hemişelik ýerleşdirilmegini goldap-goldamaýandygyny soranda öňki general özüniň goldaýandygyny aýtdy.

66 ýaşly Mattis Yrakda we Owganystanda bolanyndan soňra 2010-njy ýylda ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň başlygy bolup, 2013-nji ýylda pensiýa çykýança Orta Gündogardaky harby operasiýalara gözegçilik etdi.

Ol pensiýa çykan soň, prezident Barak Obamanyň Orta Gündogar baradaky syýasatyny ýiti tankytlap, onuň regionda ekstremizmiň döremegine goşant goşandygyny aýtdy.

Mattis Orsýet barada bolşy ýaly, Eýran barada hem berk çemeleşmegi goldaýar.

Kanun çykaryjylar ondan Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy hakda soranlarynda Mattis bu ylalaşygy tankytlap: “Men bu ylalaşyga gol goýmazdym” diýdi.

Tramp özüniň saýlaw kampaniýasynda Amerikanyň goranmak üçin ýeterlik çykdajy etmeýän NATO agzalaryna berýän kömegini sorag astynda alanda hem respublikanlar hem-de demokratlar tarapyndan ýiti tankyda uçrapdy. Ol soňra terrorizme garşy tagallalaryny güýçlendirdi diýip, ýaranlyga kömek edilmelidigini aýtdy.

12-nji ýanwarda Pompeo senatyň aňtaw komitetine: “Orsýet agressiwlik bilen Ukrainanyň bir bölegini basyp aldy, Ýewropa howp salýar we Yslam döwletini dargatmak hem ýeňmek boýunça hiç bir iş edenok” diýdi.

Trampyň Pompeony kandidat edip hödürlemegi Orsýetiň 8-nji noýabr saýlawlarynda Trampyň demokratik bäsdeşi Hillari Klintondan üstün çykmagyna kömek üçin kiber hüjümlerini ýola goýandygy baradaky aýyplamalaryň öňe sürülýän wagtyna gabat gelýär.

Amerikanyň aňtaw komiteti Putini kiber hüjümlerini buýurmakda aýyplaýar. Bu hüjümler Klintona zyýan ýetirmek üçin demokratlaryň elektron hatlarynyň ile ýaýradylmagy ýaly işleri öz içine aldy.

Moskwa bilen bolan gatnaşyklary gowulaşdyrjakdygyny aýdýan Tramp, 11-nji ýanwarda kiber hüjümleriniň aňyrsynda Orsýetiň duran bolmagy mümkin diýse-de, aňtaw gulluklarynyň ýüze çykaran maglumatlaryny sorag astyna aldy. Ol bu hüjümleriň saýlawyň netijelerine hiç bir täsir etmändigini aýdýar.

Pompeo beren görkezmelerinde Amerikanyň aňtaw gulluklarynyň Orsýet barada gelen netijelerini goldap, öten hepde ýokary derejeli resmiler bu barada Trampa maglumat berenlerinde özüniň-de bu duşuşyga gatnaşandygyny aýtdy.

53 ýaşly Pompeo: “Raport barada aýdanyňda, nämäniň bolandygy mese-mälim, Orsýetiň Amerikanyň demokratiýasyna täsir etmek üçin maglumatlary ele salandygy belli” diýdi.

Ol kiber hüjümlerini “Orsýetiň içindäki ýokary derejeli ýolbaşçylar tarapyndan edilen agressiw hereket” diýip atlandyrdy.

Orsýet Klintonyň kampaniýasynyň ýa-da Amerikanyň beýleki syýasy guramalarynyň we şahsyýetleriniň garşysyna gönükdirilen hüjümlerde eliniň ýokdugyny aýdýar.

Mattisiň goranmak ministrligine kandidat görkezilmegi Kongresiň käbir agzalarynyň arasynda alada döretdi. Amerikada kanun boýunça harby işgärler goşundan pensiýa çykanlaryndan soňra aradan ýedi ýyl geçmedik bolsa, graždan organlara, şol sanda Goranmak departamentine-de başlyk bolup bilmeýärler.

Ýöne senat bu kanuna diňe bir gezek adatdan daşary ýagdaý hökmünde garamagy 24-3 ses bilen oňlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG