Ukraina Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň garyndaşyny tussag etdi. Ol ýüzlerçe million dollara hyýanatçylyk ýoly bilen eýe bolmakda güman edilip, Daşkent tarapyndan gözlenýär.
Kiýewiň Solomyanka etrap sudunyň resmisi 33 ýaşly Akbarali Abdullaýew diýlip tanadylan Özbegistanyň raýatyny tussag etmek barada 20-nji ýanwarda karar edilendigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Resminiň sözlerine görä, Abdullaýew hepdäniň başynda Kiýewiň Žulýany halkara aeroportunda tussag edilende özbek we dominikan pasportlaryny ulanypdyr.
Onuň Özbegistana ekstradisiýa edilmegi yza çekildi.
Merhum Kerimowyň aýaly Tatýana Kerimowanyň ýegeni Abdullaýew 2014-nji ýylda Özbegistanda galplykda we maliýe hilegärliginde aýyplanyp sud edilipdi.
Onuň Özbegistany nädip we haçan terk edendigi nämälim galýar.