Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Amerikany ilkinji nobatda goýmagy söz berdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ähli wagt “Amerikany ilkinji nobatda” goýmagy söz berdi. Tramp 20-nji noýabrda prezidentlige kasam getirenden soň eden çykyşynda “serhetleri goramaga”, şeýle-de öňki ýaranlyklary berkitmäge we täzelerini ýola goýmagy wada etdi.

Tramp çykyşynyň dowamynda özüniň Waşingtonyň elindäki güýç diýýänini adamlara “gaýdyp” berjekdigini hem aýtdy.

Ol ABŞ-da “ogurlandy” diýýän “iş ýerlerini yzyna öwürjekdigini” hem nygtap geçdi.

“Şu günden başlap indi ilkinji nobatda diňe Amerika bolar” diýip, Tramp belledi.

Şeýle-de ol ABŞ-nyň “ýaşaýyş durmuşyny hiç kimiň boýnuna dakmajakdygyny, eýse bir nusga hökmünde öwüşgin saçjakdygyny” aýtdy.

Tramp “radikal yslam terrorizmini hem ýok etmegi” söz berdi.

Tramp Abraham Linkolnyň ulanan Injilinde kasam getirenden soň, 15 minut çemesi çykyş etdi.

Tramp kasamy 20-nji ýanwarda ýerli wagt bilen öýlän 12-de (Aşgabat wagty bilen 22-de) ABŞ-nyň Kapitol binasynda getirdi.

Mundan öň, Tramp ir bilen özüniň Twitter hasabynda “Ähli zat şu gün başlanýar!” diýip, ýazgy galdyrdy. Ol ir bilen aýaly Melania we beýleki maşgala agzalary bilen Ak Tamyň golaýyndaky kilisede geçirilen çärä gatnaşdy.

Tramp bilen Melania soňy bilen Ak Tamyň öňünde prezident Barak Obama we onuň aýaly Mişel Obama bilen duduşdylar.

Obama Trampy Ak Tamda garşylady
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:53 0:00

Respublikanlardan dalaşgär Tramp 8-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda ýeňiji bolupdy. Üsütmizäki hepdäniň başlarynda geçirilen pikir soraýyş boýunça ony goldaýanlaryň sany indi ilatyň diňe 40 prosenti. Bu 1977-nji ýylda Jimmi Karter prezidentlige saýlanaly bäri iň pes derejedir.

Üstümizdäki aýyň başlarynda hem Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary “2016-njy ýylyň kampaniýasynda Amerikanyň saýlawlaryna gönükdirilen täsir ediş buýrugyny” Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin beripdir diýen netijä geldiler.

Şeýle hem olar Putin bilen ors hökümetini 8-nji noýabrda Trampy onuň bäsdeşi Hillari Klintondan ileri tutmakda aýypladylar.

Trampyň inagurasiýa dabarysyny gurnamak bilen meşgullanýan Tom Barrak Tramp “biziň çekişip bilýänimizi, göreşip bilýänimizi we jedelleşip bilýänimizi bütin dünýä görkezer”, onsoň tutuş millet bir prezidentiň arkasyny tutup birleşer diýdi.

Trampyň Waşingtona gelen tarapdarlary täze prezidentden gowulyga garaşýandyklaryny aýtdylar.

Şol bir wagtda, Trampyň garşydaşlary Waşingtonda protest çärelerini geçirdiler.

Waşingtonda inagurasiýa protestleri gazaplylyga ýazdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00

19-njy ýanwarda giçlik eden çykyşynda Tramp özüniň bölünen millet diýýänini birleşdirmegi, özgerişlik getirmegi wada etdi.

Inagurasiýasynyň öňýanynda agzybirlikden gürrüň eden Tramp Barak Obamanyň ýolbaşçylygynda klimat özgermesi, immigrasiýa düzgünlerini ýeňilleşdirmek we halkara söwda ylalyşyklary boýunça girizilen çäreleri yzyna serpikirjekdigini duýdrudy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG