Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň kabul etmedik 7500 jüýjesi ýok edildi


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Germaniýanyň Frankfurt şäheriniň aeroportynda Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň kabul emtekden ýüz öwren 7 müň 500 çemesi jüýjesi “haýwanlary goramak jähtinden” ewtanaziýa, ýagny ýok edildi.

“Bu janawarlaryň biderek ezýet çekmezligi üçin edilen zerur ädim boldy” diýip, Weisbadeniň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Ministrligiň maglumatyna görä, 21-nji ýanwarda Wengriýadan ugradylan 7 müň 500 sany jüýje Frankfurtyň üstünden tranzit bilen Türkmenistana ýollanypdyr.

Mundan soň, Azatlyk Radiosyna anyklamagy başartmadyk sebäplere görä, Türkmenistanyň Gümrük gullugy jüýjeleri ýurda goýbermän, olary yzyna ugradypdyrlar. Germaniýanyň neşirleri bu ädimiň Wengriýada tutaşan guş dümewiniň sebäp bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Ýeri gelende bellesek, ýaňy ýumurtgadan çykan jüýjeler 72 sagadyň dowamynda ýumurtga sarysynyň örtgüsinden iýmitlenýärler. Weisbadeniň Daşky gurşawy goramak ministrligi Türkmenistandan yzyna ugradylan 7 müň 500 jüýje Frankfurta gelenlerinde, bu möhletiň eýýäm tamamlanandygyny mälim etdi.

Ministrlik aeroportda jüýjeleri iýim ýa suw bilen üpjün etmek üçin mümkinçiliginiň bolmandygyny; şeýle-de Gözegçilik edaralarynyň jüýjelere dessine başga täze hyrydar tapmak synanyşyklarynyň netije bermändigini aýtdy. “Şu sebäpli janawarlaryň biderek ezýete uçramazlygy üçin, gynansak-da, olary baky uka salmaly boldy” diýip, Ministrlik beýanatynda belleýär.

Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, resmi türkmen wekillerinden bu hadysa dogrusynda nähilidir bir kommentariý ýa maglumat almak başartmady.

Şol bir wagtda, bu ýurtda towuklaryň we gara mallaryň infeksiýa ýolugandygyna meňzeýän sebäpler zerarly gyrylýandygy baradaky maglumatlaryň ýaýraýan wagtyna gabat geldi.

Ýatladyp geçsek, soňky günlerde Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň hususy hojalyklarynda hem-de iri toplumlarynda öý mallarynyň köpçülikleýin ýagdaýda gyrylýandygy dogrusynda dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Munuň netijesinde, haram ölen mallaryň etleriniň-de ýarpy bahasyna, näresmi ýagdaýda satylyp başlanandygy habar berlipdi.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlaryndan soň, özlerini türkmenistanly maldarlar diýip tanyşdyran şahsyýetler aglaba rus dilli habar saýtlarynda çykyş edip, öý haýwanlarynyň infeksiýa zerarly gyrylmaýandygyny öňe sürseler-de, emeldarlar we resmi media bu barada häzirlikçe dymýarlar.

XS
SM
MD
LG