Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: GDA-nyň missiýasy saýlawlara syn etmek işine başlady


Saýlaw nokady, Türkmenistanyň parlament saýlawlary

Türkmenistanyň çakylygy boýunça Aşgabada baran Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy (GDA) guramasynyň missiýasy ýurduň prezidentlik saýlawlaryna gözegçilik etmek işine başlady diýlip, media serişdelerinde habar berildi.

GDA-nyň missiýasynyň synçylarynyň Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýardamy bilen Aşgabatda öz ştabyny açandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlary 12-nji fewralda geçiriler.

Türkmenistanyň 2016-njy ýylda kabul edilen Baş kanuna laýyklykda prezident ýedi ýyllyk möhlet bilen saýlanýar. Merkezi saýlaw komissiýasy jemi 9 dalaşgäri hasaba aldy. Saýlawlara birinji gezek üç syýasy partiýanyň dalaşgärleri gatnaşýarlar. Demokratik partiýasyndan ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik wezipesine üçünji gezek dalaş edýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG