Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan diplomaty Günbatar Assadyň döwlet başyndan çekilmegini talap etmekden el çekmeli diýdi


Britaniýanyň daşary gatnaşyklar boýunça sekretary Boris Jonson

Britaniýanyň ýokary derejeli diplomaty Günbataryň Siriýadaky konfliktiň soňuna çykmak boýunça parahatçylykly gepleşikler üçin prezident Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmegi barada uzak wagtlap öňe sürülýän talabyna gaýtadan seretmelidigini aýtdy.

“Assadyň gitmelidigini gaýtalamak pikiri bizde mäkäm ornaşdy. Biz munuň başa barmagy ugrunda hiç bir ýere ýetmedik” diýip, daşary gatnaşyklar boýunça sekretary Boris Jonson 26-njy ýanwarda Londonda kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Johnson Siriýadaky konflikti bes etmek üçin Assada BMG-nyň gözegçiligindäki saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmaga rugsat beriljegini çak etdi.

XS
SM
MD
LG