Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul hüjümçi: "Oglum bilen duşuşan bolsadym, Siriýa gaçjakdym"


Abdulkadir Maşaripow

Täze ýyl gijesi Stambulyň Ortaköý diýen ýerindäki Reina atly gijeki kluba hüjüm edip, 39 adamy atyp öldürmekde aýyplanýan Özbegistanyň raýaty Abdulkadir Maşaripowyň polisiň geçiren ilkinji soragynda beren maglumatlary türk metbugatynda giňişleýin ýer aldy.

Türk polisiniň ähli soragyna jogap beren Maşaripowyň resmi düşündirişden owalky soragynda möhüm maglumatlar berendigi mälim boldy. "Sabah” gazetiniň işgäri Nazif Karaman tarapyndan taýýarlanan habara görä, "YD" toparyna agzadygy aýdylýan Maşaripow türk polislerine şeýle maglumatlar beripdir:

"Özbegistanyň yslam hereketine agzadym. Ol hereket üçin halk köpçüligine propaganda işlerini alyp barmakdan jogapkärdim.

Ondan soň Özbegistanyň yslam hereketi bilen aramda düşünişmezlik döredi. Özbegistandan Owganystana, ol ýerden Pakistana we ahyrynda hem o taýdan Eýrana gitdim. "YD" topary bilen Eýranda tanyşdym. Eýrandan Agry ýoluny ulanyp, bikanun ýagdaýda serhedi geçip, Türkiýä bardym.

16-njy dekabrda Stambula bardym.

Reinadakylary kapyr bolany üçin öldürdim. Musulmanlaryň Täze ýyly gutlamaýandygyna ynanýaryn. Hüjümiň yz ýanyndan oglumy alyp gaçmagy planladym. Oglum bilen duşuşan bolsadym, Izmir we Hataýyň üstünden, Siriýa gaçmagy planlapdym. Gyzymy we oglumy ýanyma alyp gaçmaga synanyşýardym".

Ýatlap geçsek, täze ýyl gijesi Stambulyň Ortaköý diýen ýerindäki Reina atly gijeki kluba hüjüm etmekde aýyplanýan "Abu Muhammed Horasani" lakamly Özbegistanyň raýaty, asly täjik Abdulkadir Maşaripow 17-nji ýanwarda Esenýurt etrabyndaky bir jaýda türk howpsuzlyk işgärleriniň gurnan operasiýasynda ele salyndy. Operasiýada onuň ýanynda bir yrakly raýat bilen dürli ýurtlaryň raýatlary, 3 zenan hem göz astyna alyndy. Ondan soň polisiň soragda alan maglumaty esasynda, Bursada 6 sany öýde geçirilen operasiýada bolsa Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň raýatlary bilen Hytaýyň uýgur sebitinden bolan 15 sanysy zenan, 27 sany güman edilýän bilen bilelikde 29 çaga ele salyndy.

Stambuldaky Reina hüjümini gurnamakda aýyplanýan Özbegistanyň raýaty Abdulkadir Maşaripowyň polisdäki soragynyň dowam edýändigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG