Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy "Türkmengaz" gepleşmek isleýär


Hamid Reza Araki
Hamid Reza Araki

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy «Türkmengaz» döwlet konserniniň üstünden halkara arbitraž suduna etmekçi bolan şikaýatyny togtatmaga taýýardygyny aýdýar.

EMGK-nyň ýerine ýetiriji direktory Hamid Reza Araki 28-nji ýanwarda, Eýranyň «Tansim» habar agentligi bilen söhbetdeşlikde özleriniň türkmen tarapy bilen gepleşikleri dowam etdirip, täze şertnama baglaşmak isleýändiklerini aýtdy.

Onuň pikirine görä, öňki şertnama indi derege ýaramaýar, sebäbi Türkmenistan onuň şertlerini bozup, gaz ibermegini kesdi.

Ýöne Araki Aşgabadyň gaz ibermegi kesendigi üçin Tähranakompensasiýa, öwez puluny tölemegini şert edip goýýar.

Azatlyk radiosynyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistan golaýda, iberilen gazyň tölegi meselesindäki ylalaşmazlyk netijesinde, Eýrana gaz ibermegini kesdi.

Şondan soň Eýran tarapy bu meseläni halkara arbitraž suduna çykarjakdygyny aýtdy. Şu aralykda Eýranyň Türkiýe bilen gaz dawasynda utulyp, Ankara 2 milliard dollara golaý kompensasiýa tölemeli bolandygy belli boldy.


XS
SM
MD
LG