Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlary möhletden ir ses bererler


Prezidentlik saýlawlary, Aşgabat, 12-nji fewral, 2012.

Türkmenistan 12-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda daşary ýurtlarda ýaşaýan öz raýatlary üçin möhletinden öň ses berişlik geçirer.

Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçisi Batyr Nyýazlyýewe salgylanyp habar berlişine görä, Türkmenistanyň raýatlary 2-nji we 11-nji fewral aralygynda Moskwada ilçihananyň jaýynda ses berip bilerler. Şeýle-de Orsýetiň beýleki şäherlerinde we regionlarynda Sankt Peterburgda, Tatarstanda, Astrahanda, Kalmykiýada we Krasnodarda türkmen raýatlarynyň möhletinden öň ses bermegine mümkinçilik dörediler.

Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary üçin jemi 2578 saýlaw nokady dörediler, olardan 39 sanysy Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynda açylar.

Türkmenistanyň 2016-njy ýylda kabul edilen täze konstitusiýasyna laýyklykda şu gezek ýedi ýyl möhlet bilen saýlanýan preziden wezipesine jemi 9 dalaşgär, şol sanda ýurdy 2007-nji ýyldan bäri dolandyrýan Gurbanguly Berdimuhamedow dalaş edýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG