Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"ExxonMobiliň" öňki başlygy ABŞ-nyň döwlet sekretary boldy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz täze döwlet sekretary Reks Tillersona kasam kabul etdirdi. 
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz täze döwlet sekretary Reks Tillersona kasam kabul etdirdi. 

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp "daşary syýasat meselelerine aýdyň göz bilen garamagyň wagty geldi" diýip, özüniň täze döwlet sekretaryna, "ExxonMobil" kompaniýasynyň ozalky başlygy Reks Tillersona kasam kabul etdirdi.

"Seniň bütin durmuşyň seni şu pursat üçin taýýarlady" diýip, Tramp Tillersona 1-nji fewralda, Ak tamda bolan kasam kabul ediş dabarasynda aýtdy.

Tramp Tillersonyň ägirt uly nebit kompaniýasynyň başlygy hökmünde Russiýa ýaly daşary ýurt hökümetleri bilen iş salyşmakda gazanangiň tejribesini öwdi we bu ýagdaýy onuň ýurduň baş diplomatyna öwrülmegine getiren gor hökmünde häsiýetlendirdi.

Biraz öň Senat Tillersony 56-43 ses bilen tassyk etdi. Ony respublikanlaryň bary – 52-si-de goldady we bu goldawa dört demokrat hem goşuldy.

Dünýäde bazar bahasy boýunça iň uly nebit kompaniýasyna, «ExxonMobile» başlyk bolup işlemegi Tillersonyň bu wezipä hödürlenmegine biraz kölege saldy. Ýerine ýetiriji başlyk hökmünde, Tillerson dünýä ýüzündäki, şol sanda Orsýetdäki esasy burawlaýyş we gözleg-agtaryş işleriniň üstünden garady.

Tramp we köp respublikaçy muny bir gor, uly tejribe hökmünde görse-de, ol Senatyň käbir demokratlaryny aladalandyrdy, olar onuň Orsýete gezek gelende aşa eglişikli boljagyny bellediler.

Tankytçylar onuň 2014-nji ýylda, Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa edenligi we gündogar Ukraianadaky separatist jeňçilere aktiw goldaw berendigi sebäpli, Moskwanyň garşysyna girizilen sanksiýalary ýatyrmagyndan howatyr etdiler.

Şol wagtky prezident Barak Obama 2014-nji ýylda Orsýete garşy sanksiýa girizen wagtynda «ExxonMobil» Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki nebit läheňi «Rosneft» bilen ägirt uly, köp milliard dollarlyk Arktika buraw proektinde işleýärdi.

«ExxonMobil» soň bu çäräniň ahyr netijede özüne 1 milliard dollar möçberinde zyýan boljagyny aýtdy.

Tillerson geçen aý özüniň Senat komitetiniň öňündäki tassyklaýyş diňlenişiginde Orsýeti ABŞ-nyň bähbitlerini äsgermeýän howply, durnuksyzlaşdyryjy global aktýor hökmünde häsiýetlendirdi.

Emma ol Moskwanyň etjek hereketlerini öňünden çaklap bolmaz derejede däldigini we Waşingtonyň Kremliň pikir ýöredişine düşünişini kämilleşdirmeginiň gerekdigini hem sözüne goşdy.

Arka durýanlar onuň 84 müňe golaý işgäri bolan köpmilletli kompaniýa ýolbaşçylyk etmeginiň Tillersony Döwlet departamentiniň giň gerimli diplomatik býurokratiýasyna ýolbaşçy bolmaga ýokary derejedetaýýarlandygyny aýdýarlar.

Tramp, öz gezeginde, Tillersonyň hususy pudakdaky tejribelerini hem öwdi, munuň ony başarnykly gepleşikçi edýändigini aýtdy.

Tillerson Döwlet departamentiniň Trampyň adminstrasiýasyny, hususan-da onuň musulmanlaryň agdyklyk edýän ýedi ýurdundan Birleşen Ştatlara geljek bosgunlara we migrantlara girizen wagtlaýyn gadaganlygyny açyk tankytlan ýüzlerçe işgärine ýolbaşçy bolar.

Bu gadaganlyk ABŞ-nyň Daşary hyzmat ofiserleriniň we departament işgärleriniň bir müňe golaýynyň şu hepde “başga pikir jarnamasyna” (Döwlet departamentiniň içinde diplomatlaryň we beýlekileriň syýasatlara garşylygyny aňladyp bilmegi üçin ulanýan kanaly) gol çekmegine getirdi.

Şeýle-de bu gadaganlyk Birleşen Ştatlarda we dünýäde bir topar protestiň turmagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG