Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i bir zat diýýär, faktlar başga ýagdaýy görkezýär


Prezidentiň suraty asylan otagda ses berýän ene.

Türkmen DIM-niň metbugat gullugy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewyň 1-nji fewralda WarşawadaÝewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň direktory Mihael Link duşuşandygyny habar berýär.

«Türkmenistan özüniň tassyklan konwensiýalaryna we beýleki halkara aktlaryna laýyklykda öz üstüne alan borçlaryna eýerip, adam hukuklaryna we ynsan azatlyklaryna degişli esasy dokumentleri ýerine ýetirmek boýunça yzygider işleri amala aşyrýar» diýip, Wepa Hajyýew duşuşyk mahalynda aýdypdyr.

Şeýle-de ol resmi Aşgabadyň, halkara synçylaryny dürli saýlaw kampaniýalaryna syn etmäge yzygiderli çagyrmak bilen, giň halkara dialogy syýasatyny alyp barýandygyny, munuňhukuk ulgamyny hem öz içine alýandygyny belläpdir.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistan 12-nji fewrala bellenen prezident saýlawlaryna hem halkara synçylaryny çagyrdy we ýurda GDA-nyň, ŞHG-nyň, ÝHHG-nyň synçylarynyň we ekspertleriniň gelendigi, olaryň Merkezi saýlaw toparynda we beýleki ýerlerde duşuşyk geçirýändigi habar berilýär.

Türkmen DIM-niň tassyklamagyna görä, jenap M.Link Türkmenistanyň demokratik reformalar ýolunda durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha berip, ÝHHG-nyň Demokratik inistitutlar we adam hukuklary edarasynyň milli kanunçylygy we saýlaw ulgamyny kämilleşdirmäge, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga niýetlenen hukuk reformasyny ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýdypdyr.

«Gündogar» habar saýty bu habar bilen bagly düşündirişinde ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň delegasiýasynyň Türkmenistanda 2007-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlaryny synlamaga gelendigini belläp, şonda delegasiýa agzalarynyň biri, ÝHHG-nyň adam hukuklary boýunça hasabatçysy Hesus Lopes-Medeliň aýdan sözlerini sitirleýär:

«Türkmenistandaky prezident saýlawlary saýlawa däl-de, spektakla meňzeýär, raýatlaryň hakyky saýlaw prosesine gatnaşmagyna derek galplyk edilýär. Bizi sesleriň sanalyşyny görmäge gatnaşdyrmadylar» diýip, Hesus Lopes-Medel aýdypdy.

ÝHHG Türkmenistanda 2012-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlaryna gözegçiler missiýasyny ibermedi we Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň öňde duran ses berişlik babatynda rekomendasiýa taýýarlamagy üçin çäkli «baha beriş toparyny» ýollady.

Bu toparyň ýurtdaky umumy ýagdaýa we saýlawdan öňki kampaniýa analizi esasynda taýýarlan synynda «esasy azatlyklaryň ählisiniňçäklendirilendigi, bäsleşýän syýasy alternatiwalaryň arasyndaky seçginiň azdygy» aýdyldy.

Ýerli synçylaryň we hukuk goraýjy aktiwistleriň pikirlerine görä, Türkmenistanda bu çäklendirmeler şu günki gün hem saklanyp galýar.

Şonuň bilen bir wagtda, ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň Türkmenistanyň täze kabul edilen Konstitusiýasy, hususan-da prezidentiň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmezligi, prezident möhletiniň 5 ýyldan 7 ýyla uzaldylmazlygy we beýlekiler barada beren rekomendasiýalary hasaba alynmady diýip, "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň göwrümli synynda bellenilýär.

Türkmenistanda henize çenli doly azat we adalatly diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG