Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanlylar prezident saýlawyna girişýär


Ses berýän gyz

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda irki ses berişlik başlandy, ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň wekilleri bilen ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen mediasy ýewropaly ekspertleriň 12-nji fewrala bellenen prezident saýlawyna görülýän taýýarlyga we ses berişligiň geçirilişine baha berjekdigini aýdýar.

Myhmanlar Merkezi saýlaw toparynyň bellän çäreleriniň planlary, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, dokumentleriň nusgalary, ýerlerde edilen işler bilen tanyşdyryldy diýip, TDH ýazýar.

Şeýle-de, saýlawdan öňki kampaniýanyň ilkinji iki tapgyrynyň – iň ýokary döwlet wezipesine kandidatlary hödürlemegiň we hasaba almagyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilendigi bellenilip, munuň «alternatiw esaslarda, umumy kabul edilen dünýä standartlaryny nazara alyp, demokratik saýlaw geçirmegiň esasyny goýandygy» habar berilýär.

Şu aralykda, türkmen telewideniýesiniň gepleşiklerinde Berdimuhamedowyň syýasy köpdürlüligi döredýändigi ýanjalýar.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugatyndan tapawutlylykda, Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary raýatlaryň inisiatiwa toparlaryndan hödürlenen kandidatlaryň kanunylygynysorag astyna alýar.

Saýlaw kanunyna laýyklykda, inisiatiwa toparlary Türkmenistanyň pesinden 50 raýatyndan düzülip bilýär.Olar bir kandidaty hasaba aldyrmak üçin 10 müň gol ýygnamaly. Şol bir wagtda, bu on müň gol etraplaryň ählisini öz içine almaly, ýagny her etrapdan azyndan 300 gol ýygnalmaly.

Diýmek, birnäçe inisiatiwa toparynyň onlarça agzasy öz kandidatlarynyhasaba aldyrmak üçin bütin ýurda aýlanyp, onlarça müň raýatyň goluny ýygnamaly. Kanunda aýdylmagyna görä, inisiatiwa toparynyň kandidatyny goldaýan saýlawçylar, gol çeken mahallary özleri hakynda doly, ýazmaça maglumat bermeli.

«Türkmenistanyň Hronikasy» saýty raýatlaryň inisiatiwa toparlarynyň ýurt içinde öz kandidatlaryna gol ýygnamak üçin geçiren wagyz işleri barada hiç zat eşidilmändigini, resmi metbugatda bu kampaniýa barada hiç bir habaryň berilmändigini, ýurt içindäki çeşmeleriň bolsa beýle zady görmändiklerini aýdýar.

Ikinji tarapdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran 50 ýaşyndaky ýerli synçy türkmen telewideniýesiniň soňky hepdelerde «hormatly prezident we gahryman arkadag» propagandasyny öňkülerinden has güýçlendirendigini aýdýar.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň resmisi Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde prezident Berdimuhamedowyň ýerlerde raýatlar bilen duşuşanda, adamlara gymmatbaha sowgat paýlamagynyň saýlawa kanunlaryna ters gelýändigini inkär etdi.

Mälim bolşy ýaly, saýlaw kanunçylygy saýlawdan ýa referendumdan öňki kampaniýa döwründe kandidatlaryň, olaryň garyndaşlarynyň, inisiatiwa toparlarynyň maddy gymmatlykly sowgatlary bermegini, ýeňillikli hyzmatlary etmegini ýa haryt satmagy gadagan edýär.

Daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri prezident we dalaşgär Berdimuhamedowyň regionlara edýän iş saparlarynyň saýlaw kampaniýasynyň geçirilýän wagtyna gabat gelendigini, döwlet baştutany bilen duşuşýan adamlaryň saýlawda oňa ses we goldaw wadasyny berişleriniň telewideniýede giňden wagyz edilmeginiň kandidatlaryň arasyndaky deňlik şertini bozýandygynybelleýärler.

Emma bu tankydy pikirlere garamazdan, türkmen mediasy 3200-den gowrak ýerli synça, GDA-nyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň, ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň wekillerine saýlaw prosesiniň obýektiwligine syn etmek üçin ähli mümkinçiligiň döredilýändigini tassyklaýar.

ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň ekspertleriniň Aşgabada türkmen tarapynyň çakylygy bilen gelendigini belläp, türkmen mediasy olaryň parlamentde, DIM-de, TDH habar gullugynda we beýleki ýerlerde duşuşyk geçirjekdigini habar berýär.

Mundan başga, ýewropaly ekspertlere prezidentlige kandidatlar bilen duşuşmaga hem şert dörediler.

Teswirleri gör (8)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG