Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Brusselde Bakuwyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin partnýorlyk barada täze ylalaşyk boýunça gepleşik geçirýär.
Aliýewiň Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki resmileri bilen 6-njy fewralda gepleşik geçirmegine garaşylýar.
Ýewropa Bileleşiginiň we Azerbaýjanyň arasynda baglaşyljak täze ylalaşyk 1999-njy ýylda güýje giren we taraplaryň arasyndaky syýasy, söwda, maýa goýumlar, ykdysady, kanuny we medeni ugurlardan dialogy öz içine alan “Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk baradaky” ylalaşygyň ornuny tutar.
Azerbaýjanyň prezidentiniň Brussele saparynyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy 76 sany gurama bilelikdäki beýannamasynda Ýewropa Bileleşiginiň liderlerini gepleşiklerde Aliýewden “adam hukuklary ugrunda takyk we çynlakaý reformalary geçirmegi” talap etmäge çagyrdylar.
6-njy fewralda Ýewropa Parlamenti Azerbaýjanda adam hukuklary boýunça çäre geçirer. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň derňeýji žurnalisti Hadija Ismaýilowa bu diskussiýa Bakuwdan wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşar.