Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýada hökümete garşy protestler dowam edýär


11-nji fewralda Rumyniýanyň köçelerine 11 müň çemesi adam proteste çykdy.
11-nji fewralda Rumyniýanyň köçelerine 11 müň çemesi adam proteste çykdy.

Howanyň temperaturasynyň noldan aşak geçendigine garamazdan, guramaçylar rumyn paýtagtynda 12-nji fewralda hem hökümete garşy uly ýygnanyşygyň planlaşdyrylandygyny aýtdylar.

11-nji fewralda Rumyniýanyň köçelerine 11 müň çemesi adam proteste çykdy. Emma hökümetiň adatdan daşary kararyndan soň, protestler möwjän wagtynda, ýurduň korrupsiýa garşy göreşini gowşadýan diýlip tankytlanan karara garşy 500 müň çemesi adam proteste çykypdy.

1989-njy ýylda kommunist režimiň synmagyna getiren protestlerden bäri guralan iň uly demonstrasiýalar netijesinde hökümet 5-nji fewralda öz kararyny yzyna aldy we bu ýagdaý Adalat ministriniň işden çekilmegine getirdi.

Emma protestçiler köçede galmaklaryny dowam etdirdiler we olaryň köpüsi premýer-ministr Sorin Grindeanuň we onuň hökümetiniň işden çekilmegine çagyrýar.

Hökümet başyndaky Sosial-demokratlar häkimiýete dekabrda gelipdiler. 11-nji fewralda Buhareste, habarlara görä, 3 müň çemesi protestçi toplandy.

XS
SM
MD
LG