Demirgazyk Koreýa uçuş güýji ortadan uzak aralyklyga çenli bolan ballistik raketany “üstünlikli” synagdan geçirendigini aýdansoň, Birleşen Ştatlar, Günorta Koreýa we Ýaponiýa gyssagly maslahat geçirilmegini sorap, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşine ýüz tutdular.
13-nji fewralda Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habar gullugy raketany Pukguksong-2 diýip atlandyryp, onuň atom bombasyny götermäge ukyply strategik ýaragyň täze görnüşidigini aýtdy.
Merkezi habar gullugynyň bildirmegine görä, raketa 12-nji fewralda “goňşy ýurtlaryň howpsuzlygy göz öňünde tutulyp” bilgeşleýin ýokary burçdan atylypdyr. Muňa hem lider Kim Jong Unuň özi “ýolbaşçylyk edipdir”.
Merkezi habar gullugynyň maglumatynda Kimiň ýurduň öz gudratyny artdyrýan ýene bir güýçli atom guralyna eýe bolmagyna ýokary derejede razylyk bildirendigi bellenýär.
Demirgazyk Koreýa özüniň atom ýaraglaryny ösdürmäge bolan islegini ýaşyryp duranok. Ol öten ýyl iki atom synagyny edip, ençeme raketany, şol sanda awgust aýynda Pukguksong diýip atlandyrylan raketany atdy.
ABŞ-yň BMG-daky missiýasynyň bir resmisi Birleşen Ştatlaryň, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň ýagdaý hakda pikir alyşmak üçin bu guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahat geçirmegini haýyş edendigini aýtdy.
Geçen aý Kimiň öz ýurdunyň kontinentara raketany synag edip atmaga ýakyndygyny aýtmagy Koreýa ýarym adasynda dartgynlygyň artmagyna getirdi.
Amerikan resmileri bu raketanyň atylmagyny yzarlandyklaryny, onuň kontinentara ballistik raketa däldigini aýdýarlar.
Demirgazyk Koreýanyň geçiren bu synagy Amerikan prezidenti Donald Tramp wezipe başyna geleli bäri geçirilen ilkinji synag bolup durýar.
Günorta Koreýanyň baş ştabynyň ýolbaşçysynyň çaklamagyna görä, “bu Amerikanyň täze administrasiýasynyň Demirgazyk baradaky berk tutumyna jogap hökmünde güýç görkezmek bolup durýar”.
Raketanyň atylmagy Floridada duşuşan Tramp bilen Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe tarapyndan berk ýazgaryldy.
Abe raketanyň atylmagy “bütinleý kabul ederliksiz” diýse, Tramp özüniň “100 prosent” Ýaponiýanyň tarapynda durandygyny aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň bir resmisi Tramp administrasiýasynyň Demirgazyk Koreýadan “prowokasiýa” garaşandygyny we onuň ähli mümkinçilikler, şol sanda maliýe sanksiýalary we regiondaky deňiz güýçlerini artdyrmak meselesine hem seretjekdigini aýtdy.
Ak tamyň kömekçisi Stefen Miller “Fox News” telekanalyna: “Biz soňky ýyllarda Demirgazyk Koreýanyň režiminden gelýän duşmançylygyň öňüni almak baradaky strategiýamyzyň bir bölegi hökmünde Ýuwaş okean regionyndaky ýaranlyklarymyzy goldamakçy we güýçlendirmekçi” diýdi.
Günorta Koreýanyň iş başyndaky prezidenti we premýer-ministri Hwang Kýo-ahn hem öz ýurdunyň Demirgazyga jezalandyryjy jogap berjekdigini aýtdy. Ol raketa atylmagyny Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalarynyň “gödek we açyk” bozulmagy diýip ýazgaryp, ony halkara howpsuzlygy üçin “çynlakaý wehim” diýip atlandyrdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň rezolýusiýalarynda, Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketa synaglary gadagan edildi.
Ýaponiýa hem raketanyň atylmagyna “çynlakaý jogap” üçin Howpsuzlyk Geňeşine basyş etjekdigini aýtdy.
Raketa synagyny NATO bilen Ýewropa Bileleşigi-de ýazgardylar.