Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pens ABŞ Ýewropanyň 'beýik ýarany' diýdi we köpräk harby harajada çagyrdy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens Mýunhene geldi.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens prezident Donald Trampyň adminstarsiýanyň transatlantik gatnaşyklara ygrary baradaky aladalary gowşatmaga çalşyp,ýewropa liderlerine Birleşen Ştatlar "häzir we hemişe siziň iň beýik ýaranyňyz bolar» diýdi.

Pens 18-nji fewralda, Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda çykyp gürläp, Birleşen Ştatlar bilen Ýewropanyň arasyndaky "bozulmaz baglanyşygyň» diňe «ýaraglaryň kuwwatynda» gurulmandygyny,azatlyklary, demokratiýany, adalaty we kanunyň hökmürowanlygyny ileri tutýan umumy gymmatlyklara we prinsiplere daýandygyny aýtdy.

Ol Trampdan habar getirendigini, «Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň NATO-ny berk goldaýandygyny we onuň bu ýaranlyga goldawynda gyşarnyksyz boljakdygyny» aýtdy.

Şol bir wagtda Pens Trampyň ýewropa ýaranlaryna özleriniň maliýe çykdajylaryny deňeçer çekişmek barada eden çagyryşyny gaýtalady, ýagny NATO ýaranlarynyň diňe bäşisiniň talaby ödändiklerini, galan birnäçesiniň bu meselede aýdyňlykdan daşdygyny belledi.

Pens bu meselede has kän iş etmek wagtynyň gelendigini aýtdy. Ol Birleşen Ştatlaryň, Moskwa bilen umumy pikire gelmäge ymtylýandygyna garamazdan, Orsýeti Ukraina gatyşmakda «jogapkär tutjakdygyny»aýtdy.

Tramp Moskwa bilen umumy pikire gelmek mümkinçiligine ynanýandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG