Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýakyn geljekde Türkmenistana sapar eder


Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri G.Berdimuhamedow (ç) we W. Putin (s)

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýakyn geljekde Türkmenistana sapar eder diýlip, Kremliň metbugat gullugyna salgylanmak bilen media serişdelerinde aýdylýar.

Habar berlişine görä, Putin Türkmenistana sapar etmek niýetini Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly geçiren gepleşiginde mälim edipdir.

“Putin respublika baryp gaýtmak boýunça edilen çakylykdan ýakyn geljekde hökman peýdalanjakdygy barada Berdimuhamedowy ynandyrdy” diýlip, Kremliň mälim edendigi we sapary taýýarlamak barada degişli edaralara hem döwlet baştutanlarynyň kömekçilerine tabşyryk beriljegi barada aýdylandygy media maglumatlarynda habar berilýär.

Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri geçen ýylyň noýabr aýynda Soçide duşuşypdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Orsýete öňünden yglan edilmezden amala aşyran bu sapary Türkmenistanda azyk önümleriniň gytçylygynyň döremegi, aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki sosial tölegleriň gijikdirilmegi ýaly ykdysady kynçylyklaryň ýüze çykan wagtyna gabat geldi.

Orsýetiň mediasy G.Berdimuhamedowyň şonda rus kärdeşi Wladimir Putinden 2 milliard dollar möçberinde kredit sorandygyny habar berdi. 1-nji noýabrda Soçide geçirilen şol gepleşikler ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilipdi.

Resmi maglumatlarda G.Berdimuhamedowyň we W. Putiniň arasyndaky gepleşikleriň dowamynda taraplaryň hususan-da, energiýa hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň ara alnyp maslahat edilendigi habar berlipdi.

Onlarça ýylyň dowamynda türkmen gazynyň esasy hyrydary bolan Orsýet 2016-njy ýylyň başynda türkmen gazyny satyn almagyny doly bes edýändigi yglan edipdi. Ýurtlaryň arasynda soňky ýyllarda gaz söwdasyna degişli hasaplaşyk meselesinde ýüze çykan dawada, ýurtlaryň milli gaz kompaniýalary “Türkmengaz” we “Gazprom” bir-birini aýyplapdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň Orsýete saparyndan soň geçen ýylyň aýagynda “Gazprom” türkmen gazyny satyn almagyny dikeltmegi planlaşdyrmaýandygyny aýdan hem bolsa, taraplaryň özara dawasyna halkara arbitraž sudunda seredilmek işini 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli yza tesdirendigi habar berlipdi.

Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistana sapar etmek planlary baradaky maglumatlar Wladimir Putiniň Merkezi Aziýa regionyna sapar edýän wagtyna gabat geldi.

27-nji fewralda Putin Gazagystana we Täjigistana, 28-nji fewralda Gyrgyzystana sapar etdi.

Orsýetiň "Moskowskiý komsomolets" neşiri Putiniň prezident wezipesinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna eden saparlarynyň sanyny hasaplapdyr. Maglumatda Putiniň Gazagystana 22, Täjigistana 8, Gyrgyzystana we Özbegistana 7 we Türkmenistana 4 gezek sapar edendigi bellenýär.

XS
SM
MD
LG