Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti näme üçin Orsýete barýar?


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

1-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Orsýete barýar. Bu barada Daşary işler ministrliginiň 28-nji oktýabrda ýaýradan beýannamasynda habar berilýär. Emma bu sapar bilen bagly goşmaça maglumat berilmeýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki sapary näme bilen bagly bolup biler?

Orsýetli bilermen Orsýetiň syýasy barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow türkmen prezidentiniň Moskwa saparyny iki ýurduň arasynda gaz söwdasynyň ýatyrylmagy, türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlygyň ýaramazlaşmagy we Türkmenistanda ýetip gelýän prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşdyrýar.

Aždar Gurdow: Bu saparyň Türkmenistanyň başdan geçirýän agyr ykdysady kynçylyklary bilen bagly bolmagy ähtimal. Türkmenistanyň uly tebigy baýlygynyň ilatyň baý ýaşamagyna we türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny güýçlendirmegine bildirilen umytlar puja çykdy. Türkmenistanda dörän pul ýetmezçiligi alnymyzdaky gyşyň ýurt üçin ykdysady taýdan agyr boljagyny çak etmäge esas berýär.

Tebigy baýlyga eýe bolan beýleki Hazarýaka ýurtlarynda bolşy ýaly, dünýäde ýangyç serişdeleriniň bahasy pese gaçansoň, bu ýurtlar öz ýangyç önümlerini dünýä bazarynda satmak ugrunda bäsdeşlige girişdiler. Türkmenistan bu meselede öz goňşularyndan yzada galdy.

Häzirki wagtda Aşgabat öz gazynyň esasy hyrydary Hytaýyň ygtyýaryna düşdi. Hytaýyň Türkmenistanda döreden gaz geçiriji sistemasy Pekiniň Aşgabada öz şertlerini öňe sürmäge mümkinçilik döretdi. ilkinji nobatda-da bu gazyň nyrhyna degişli. Şeýlelikde, Hytaýyň türkmen gazyny ýokary bahadan satyn almaga islegsizligi Türkmenistanyň Orsýete amatly gaz hyrydary hökmünde seretmegini dowam etdirmegine sebäp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Ozalky ýyllarda Türkmenistandan ýylda onlarça milliard kubometr möçberde gaz satyn alan Orsýetiň Gazprom kompaniýasy Türkmenistanyň gazyny 2019-njy ýyla çenli satyn almajagyny ýaňy-ýakynda mälim etdi. Türkmen prezidentiniň Moskwa etjek häzirki sapary Gazpromyň bu planyna täsir ýetirip bilermi?

Aždar Gurdow: Türkmen ýolbaşçylarynyň umyt edýän bolmagy mümkin, emma men beýle hasap etmeýärin. Türkmenistanyň Ýewropa tarap gaz geçirijini gurmak planlary, Owganystanyň üstünden Pakistana, Hindistana tarap turba çekmek boýunça alyp barýan işleri emeli çäreler bolup, oňyn netije bermedi. Türkmen hökümeti, hususan-da, trans-owgan gaz geçirijisine sarp eden ummasyz möçberli puluny ýele sowurdy, sebäbi bu turba arkaly ýakyn geljekde gaz akdyrylmaz. Ine, şeýle şertlerde türkmen ýolbaşçylarynyň Orsýeti türkmen gazyny satyn almazlyk kararyndan el çekmäge yrmak isleýän bolmagy mümkin. Ýöne Orsýet öz kararyny üýtgetmez diýip hasap edýärin, sebäbi ol öz tebigy gazyny ýerleşdirmekde häzir uly kynçylyk çekýär.

Azatlyk Radiosy: Iki ýurduň arasynda gaz söwdasyndan başga şu gün nähili aktual mesele bar?

Aždar Gurdow: Saparyň maksadynyň diňe gaza bagly bolmajagy gürrüňsiz. Howpsuzlyk we beýleki meseleler hem bar.

Adatça prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda öňki sowet ýurtlarynyň ýolbaşçylary Moskwa sapar edýärler we bu hereketi arkaly özleriniň Orsýet tarapyndan goldanýandygyny, ýurdunyň Moskwa bilen gowy gatnaşykdadygyny öz ilatyna görkezmäge çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siz howpsuzlyk meselesini hem agzadyňyz? Howpsuzlyk ugrundan Türkmenistan we Orsýet bir-birinden nämä garaşyp biler?

Aždar Gurdow: Türkmenistan bitaraplyk syýasatyna daýanyp regional bileleşiklere goşulmaýar, şol bir wagtda-da, ýurduň Owganystan bilen özara serhediniň howpsuzlygyny goramagyň zerurlygy barha artýar. Owganystanyň serhede golaý regionlarynda söweşler dowam etdirilýär, etraplar ýaragly toparlaryň eline geçip durýar. Şeýlelikde, köpçülige mälim edilmese-de, türkmen prezidentiniň Moskwa etjek saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň Orsýet Federasiýasy bilen harby-tehniki hyzmatdaşlyk meselesini maslahat etmegine garaşmak mümkin.

Teswirleri gör (10)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG