Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran Aşgabada garşy kanun taýdan çäre görjekdigini aýdýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (sagda) türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen görüşýär.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (sagda) türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen görüşýär.

Tähran geçen ýylyň aýagynda dörän gaz dawasy sebäpli Aşgabada garşy kanun taýdan çäre görjek diýip, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory aýtdy.

“Türkmenistan geçen ýylyň ahyrynda Eýrana akdyrýan türkmen gazyny kesdi, emma bu Tähran bilen gelnen (tebigy gazy eksport etmek baradaky) ylalaşygyň bir bölegi däldi. Şonuň üçin biz bu meseläni Halkara arbitraž suduna bermek üçin başlangyç ädimleri ätleýäris” diýip, Hamidreza Araki mälim etdi.

6-njy martda Eýranyň ISNA habar agentligi ýurduň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Hamidreza Arakä salgylanyp, häzirki wagt Tähran Halkara arbitraž tribunalyna hödürlenjek resmi dokumentleri bir ýere jemleýär diýdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistan Eýranyň türkmen gazy üçin 2 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdyp, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Eýrana gaz akdyrmagyny kesdi.

Gazyň bahasyny ‘dokuz esse gymmatlatdy’

Munuň yz ýany, Eýranyň Milli gaz kompaniýasy akdyrylýan tebigy gazyny keseni üçin, Türkmenistan Tährana jerime tölemeli bolar diýip çykyş etdi. Aşgabat bolsa Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň çäklendirilmek ähtimallygy barada, Tährana öňünden duýdurylandygyny aýdypdy.

“Gynansak-da, 2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi” diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda mälim edildi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa, 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda Türkmenistan ýurtdaky gaz ýetmezçiliginden peýdalanyp, ylalaşykda kesgitlenen tebigy gazyň bahasyny dokuz esse gymmatlatdy diýdi. Munuň netijesinde, öň 1000 m3 tebigy gaz üçin $40 möçberinde töleg alnan bolsa, onuň möçberi $360 çykaryldy.

Arakiniň aýtmagyna görä, Eýranyň gaz resmileri gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak üçin bilelikdäki komissiýany düzmegi teklip etse-de, beýleki tarap muňa gyzyklanma bildirmändir.

Swap ylalaşygy dowam edýär

Geçen aýyň başynda Hamidreza Araki Eýranyň ýarym resmi “Fars” täzelikler agentligine beren maglumatynda, öz ýurdunyň türkmen gazyna zerurlygynyň ýokdugyny, sebäbi munuň ýurduň içerki zerurlyklaryna täsir ýetirmeýändigini aýtdy.

“(Türkmenistandan) gaz importy kommersiýa maksatlaryna ýa-da içerki zerurlyklara gabat gelmeýär”, diýip Araki belledi.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz dawasynyň fonunda iki ýurduň arasyndaky gaz alyş-çalşygy (swap) baradaky ylalaşyk dowam edýär.

“Biz demirgazyk-gündogardan akdyrylýan türkmen gazyny ýurduň demirgazyk-günbataryndan Ermenistana we Azerbaýjana iberýäris” diýip, Araki aýtdy. Emma ol gaz alyş-çalşygynyň möçberi barada anyk maglumat bermedi.

Gaz swapy, ýagny gaz alyş-çalşygy ylalaşygyna görä, bir ýurt belli bir möçberdäki gazyny ikinji ýurda akdyrandan soňra, soňky döwlet öz gorlaryndan, birinji döwletiň adyndan beýleki bir tarapa öz gazyny iberýär.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz söwdasy 1997-nji ýylda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG