Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň oppozision hökümeti Orsýetden harby ýardam sorap, oňyn jogap alandygyny aýdýar


Liwiýanyň milli goşuny atly toparyň ýolbaşçysy Halifa Haftar, Orsýetiň daşary işler ministri bilen duşuşygynyň yzýany, Moskwa, 29-njy noýbar, 2016
Liwiýanyň milli goşuny atly toparyň ýolbaşçysy Halifa Haftar, Orsýetiň daşary işler ministri bilen duşuşygynyň yzýany, Moskwa, 29-njy noýbar, 2016

Liwiýanyň BMG tarapyndan goldanýan hökümetine garşy çykýan gündogardaky oppozision hökümeti Orsýetden harby ýardam sorap, eden ýüzlenmesine oňyn jogap aldy, diýip baş resmi aýtdy.

“Biziň ofiserlerimiziň köpüsi Orsýetde türgenleşdirildi we ençemesi orsça gürleýär we Orsýetiň enjamlaryny ulanyp bilýär” diýip, Liwiýanyň gündogarynda ýerleşýän Tobruk şäherinde oppozision hökümetiň parlamentiniň metbugat-wekili Aguila Saleh 14-nji martda RIA Nowosti agentligine aýtdy.

“Bize terrorizme garşy göreşde ýardam wada berildi” diýip Saleh aýtdy we yslamçylara garşy çykyş edýän Halifa Haftaryň ýolbaşçylygyndaky öz hökümetiniň goşunlarynyň häzirki wagtda Tripoliniň ýolbaşçylarynyň gözegçiligindäki nebit ýataklaryny we portlary eýeläp biljekdigini mälim etdi.

Haftar geçen ýylyň dowamynda iki gezek Moskwa sapar edip Orsýetiň daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Saleh Haftaryň güýçlerinden 70 çemesi esgeriň geçen aýda Orsýete medisina hyzmatlary üçin iberilendigini aýtdy.

Salehiň beýannamasynyň öňüsyrasynda Orsýetiň goranmak ministrligi Müsüriň Liwiýanyň gündogar serhediniň golaýynda ýerleşýän Sidi Barrani şäherine goşun iberendigi baradaky habarlary ret etdi. Orsýetiň bu hereketiniň oppozision hökümete goldaw üçin amala aşyrylan bolmagy güman edilipdi.

XS
SM
MD
LG