Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suwy 'isripleýän' Türkmenistan, suwuň baýramyny belledi


Garagum derýasynyň kenaryndaky seýilgäh çäreleriň merkezine öwrüldi. TDH-nyň fotosuraty
Garagum derýasynyň kenaryndaky seýilgäh çäreleriň merkezine öwrüldi. TDH-nyň fotosuraty

Türkmenistan ýene bir gezek “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramyny belläp, ýurduň ýer-suw problemalarynyň üstünlikli çözülýändigini görkezmäge synandy.

Baýramçylyk dabaralarynyň çäginde guralan sergilerde suw howdanlaryny biologiki esasda arassalamagyň usullary, gidrotehnika desgalarynyň, häzirki zaman suwaryş ulgamlarynyň şekilleri, serişde tygşytlaýjy enjamlaryň – ýagyş suwy enjamlarynyň we damjaly suwaryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi diýip, resmi habarda aýdylýar.

Türkmenistan soňky ýyllarda suw gorlaryny netijeli ulanmak boýunça degerli çäreleri görýändigini aýdýar. Ikinji tarapdan, prezident Berdimuhamedow geçen ýyl regionlarda geçiren hökümet maslahatlarynda ýerleriň şorladymagy netijesinde hasyllylygyň pes bolmagynda galýandygyny boýun aldy.

Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary Sapar Yklymow hem bu pikir bilen ylalaşýar we ýurt garaşsyz bolanyndan soň hem suwa, ýere bolan sowet çemeleşmesiniň üýtgemändigini, emma problemalary basmaga çalyşýan propagandanyň has güýçlendirilendigini belleýär.

Yklymowyň ynanjyna görä, sowet döwründe gurlan Garagum kanalynyň döreden suw bolçulygy, Moskwadan berilýän pagta planlary esasynda, türkmen topragynda onlarça ýyllap dowam eden suw zaýaçylygy uly ýer zaýaçylygyna alyp geldi we eger bu ýagdaýyň öňi alynmasa, sebitdäki ekologiýa problemalary ýitileşmegini dowam etdirer.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat baýramçylyk mahalynda käriziň hereketli şekilleriniň ýanynyň hem köp adamly bolandygyny habar berýär.

«Käriz suwy ýygnamak üçin ýer astyndan gazylan, ençeme kilometr uzaklyga gidýän akabalardyr» diýip, habarda «käriz» sözüne düşündiriş berilýär.

"Türkmenistanda ozal käriziň nämedigini hiç kime düşündirmek gerek däldi, Baba Annanowyň «Kärizgenler» powesti esasynda düşürilen adybir çeper film telewideniýede ýygy-ýygydan görkezilýärdi, hatda on-on iki ýyl ozal hem käriz suwlary akar ýatardy" diýip, Azatlygyň diňleýjileri aýdýarlar.

Emma indi, gökdepeli pensioner Mälik aganyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Gökdepe etrabynyň Nyýazow daýhan birleşiginde ulanylan kärizleriň hiç biri soňky on ýylda, türkmen metbugatynda taryplanýan gadymy ata-babalaryň döwründe işleýşi ýaly, işlemeýär.

Emma muňa garamazdan, türkmen mediasy ýurduň «suw hojalygy ulgamynyň häzirki zaman tehnika binýadynyň yzygiderli doldurylýandygyny» nygtaýar.

Baýramçylykda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň suw temasyndaky işleriniň sergileri guraldy, suwa bagyşlanan aýdym-saz eserleri ýerine ýetirildi, tans edildi diýip, türkmen mediasynyň habarynda aýdylýar.

Ýöne türkmen metbugaty ýurduň ilatynyň agyz suwy meselesinde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, abraýly daşary ýurt neşirlerinde dünýäniň we sebitiň suw problemalary, hususan-da Türkmenistan barada aýdylýan zatlar hakynda dymmagyny dowam etdirýär.

Aýdaly, «Nature» žurnalynyň awtory Olli Varis Türkmenistan ilatynyň jan başyna 5,5 müň kub metr çemesi suw ulanýar we bu dünýäde iň ýokary görkeziji diýip ýazýar.

Türkmenistanyň goňşulary Özbegistanda we Gyrgyzystanda ilatyň jan başyna 2 müň kub metr çemesi suw ulanylýandygy aýdylýar.

Bu ýurtlar suwy bisarpa ulanmakda degişlilikde 4-nji we 5-nji orunlary eýeleýär. Täjigistan we Gazagystan bolsa, suwy bisarpa ulanmakda 7-nji we 11-nji orunlarda durýar.

XS
SM
MD
LG