Sepleriň elýeterliligi

Azyk harytlary arzanla(ma)ýar


Bazar administrasiýasy harytlaryň belli kesgitli nyrhdan satylmalydygy boýunça ýörite görkezme berýär.

Türkmenistanda azyk harytlarynyň bahalarynyň barha ýokarlanýandygy baradaky maglumatlaryň fonunda, käbir habar serişdeleri gök we bakja önümleriniň nyrhlarynyň çalt depginler bilen pese gaçýandygyny öňe sürýärler.

SNG.TODAY neşiri soňky 10 günüň dowamynda Türkmenistanyň bazarlaryndaky aglaba gök önüm harytlarynyň bahalarynyň tas iki esse çemesi peselendigini nygtap, anyk kimdigi aýdyňlaşdyrylmadyk marketolaglaryň hem bu ugurdaky özgerişlere üns çekýändigini aýdýar.

Muňa mysal hökmünde, SNG.TODAY apreliň başynda 1 kilogram hyýaryň 5-6 manatdan satylandygyny, häzir bolsa onuň bahasynyň 2,5-3 manada çenli peselendigini aýdýar. Mundanam başga 5-7 manada bahalanan pomidorlaryň nyrhlarynyň hem 30% çemesi peselendigine üns çekilip, şeýle dinamikanyň tas galan ähli harytlarda hem duýulýandygy bellenilýär.

SNG.TODAY mundan ozalky maglumatlarynda Türkmenistandaky bazar harytlarynyň nyrhlarynyň geçen ýylky görkezijilere garanyňda gowulanjakdygyny çaklandygyny ýatladyp, esasan türkmen hökümetini goldap habarlary çap edýän ARZUW.news neşiriniň maglumatlarynyň-da häzirki bahalaryň arzanlamagyna delilleriň getirilýändigini nygtaýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary ýokarky maglumatlarda hem bellenilşi ýaly, bazar harytlarynyň öňünde ozalkylara garanyňda has arzan bahany görkezýän ýazgylaryň durandygyny tassyklap, ýöne iş ýüzünde harytlaryň öňküsinden hem has gymmat satylýandygyny aýdýarlar.

Söwdagärleriň gürrüň bermegine görä, bazar administrasiýasy harytlaryň belli kesgitli nyrhdan satylmalydygy boýunça ýörite görkezme berýär.

“Pomidoryň 5-6 manatdan satylmalydygy aýdylsa-da, 11-12 manatdan satmasak biz çykdajylarymyzy ödemeýäris. 2,5-3 manatdan satmaly diýilýän hyýary hem 6,5-7 manatdan bärde berip bilmeýäris. Bularyň barysy diňe göz üçin edilýär” diýip, Aşgabadyň “Paýtagt”, il içinde “Mir bazary” diýlip bilinýän bazarynyň bir satyjysy aýdýar.

Ol bazar administrasiýasynyň işgärleriniň ýygy-ýygydan aýlanyp, nyrhlara gözegçilik edýändiklerini, harytlaryň has gymmat satylan halatynda bolsa jerime salýandyklaryny aýdýarlar.

“Ilkinji gezek tutsalar, 300 manat jerime salýarlar. Ikinji gezekde bazar bilen baglaşan şertnamaňy bozup, ýeriňi alýarlar. Emma, adatça, barlaga gelenler [jerime ýazmazlyk üçin] satýan harydyňdan ençeme kilogramy mugt bermegi sorap alýarlar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran söwdagär gürrüň berdi.

Ýerli gelende bellesek, Aşgabadyň bazarlarynyň administrasiýalaryndan ýorkarky maglumatlar dogrusynda hiç hili kommentariý almak başartmady.

Bu aralykda, geçen hepde Russiýanyň Liberal-Demokratik Partiýasynyň lideriniň Türkmenbaşa eden saparynyň dowamynda-da, şäheriň bazarlaryndaky bahalaryň hem telim esse aşak gaçandygyna üns çekildi.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň berýän maglumatyna görä, Wladimir Žirinowskiniň gelen döwründe ozal 5-12 manat aralygynda satylan kartoşka we alma 1-3 manada çenli aşak düşüpdir.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Azatlyk Radiosy Türkmenistanda azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlaýandygy, olaryň käbiriniň söwda tekjelerinden asla ýitirim bolýandygy dogrusynda dowamly maglumatlary berip gelýär.

Energiýa ekspertleri aglaba energiýa serişdeleriniň eksportyna bil baglaýan Türkmenistanyň gazyň bahalarynyň aşak gaçmagy netijesinde, agyr ykdysady ýagdaýy başdan geçirýändigini nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG