Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ministri Tillersona Siriýa derňewi üstünde şikaýat edýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 21-nji aprelde ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen eden telefon gürrüňinde Siriýadaky himiýa hüjümi diýilýän barada Moskwa tarapyndan goldanýan derňew planyna Birleşen Ştatlaryň garşy çykmagyndan “nägileligini” bildirdi.

Amerikan tarapynyň inisiatiwasy esasynda guralan telefon söhbetdeşligi mahalynda Lawrow Orsýet bilen Eýranyň Himiki ýaraglara gözegçilik edýän global guramada (OPCW) bilelikde derňew geçirmek barada eden teklibini agzady diýip, Russiýanyň DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň çap eden gysgaça beýanatynda diplomatlaryň “bir topar meseläniň, şol sanda Siriýanyň 4-nji aprelde himiki ýarag ulanyp-ulanmandygynyň Himiki ýaraglary gadagan edýän gurama tarapyndan derňelmek mümkinçiliginiň ara alnyp maslahatlaşylandygy” aýdylýar.

"Döwlet sekretary Himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň hereket edýän derňew mehanizmine goldawyny gaýtalady” diýip, beýanatda aýdylýar.

Günbatar döwletleri 4-nji apreldäki howa zarbasyny Siriýa režiminden görýärler. Emma Moskwa bilen Tähran, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýaranlary Damasky aklamaga çalyşdylar. Bu hadysada 87 adam öldi we olaryň köpüsi çagalar we aýallar.

Lawrow 21-nji apreldäki telefon gürrüňinde Birleşen Ştatlaryň Himiki ýaraglary gadagan edýän guramada “4-nji aprelde Han Şeýhun şäherinde zarin gazynyň ulanylandygy barada aýdylýanlary derňemek we Siriýanyň “Şaýrat” howa bazasynda himiki ýarag agentlertiniň bardygyny-ýokdugyny kesgitlemek üçin Siriýa inspektorlary ibermek barada Orsýet tarapyndan öňe sürlen inisiatiwa” garşy çykyş edendigine “gynanç” bildirdi diýip, rus beýanatynda bellenýär.

Lawrow we Tillerson “Himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň howandarlygynda bu hadysa boýunça obýektiw derňew geçirmek mümkinçiligine seretmek barada ylalaşdylar” diýip, rus DIM-i ýazýar.

Himiki ýaraglary gadagan edýän gurama 20-nji aprelde Siriýanyň güman edilýän himiki ýarag hüjümi boýunça häzir alnyp barylýan derňewi goldap, täze derňew barada rus-eýran teklibini “aglaba köplükde” ret etdi diýip, delegatlar aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG