Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň harbylary Yrakda we Siriýada PKK zarba urandygyny aýdýarlar


Türkiýäniň kartasy

Türkiýäniň harbylary Yragyň Sinjar daglarynyň we Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda kürtleriň PKK partiýasynyň söweşijileriniň nyşanlaryna zarba urup, toparyň Türkiýäniň içinde hüjümleri amala aşyrmak üçin ýarag hem partladyjy serişdeleri ibermeginiň öňüni alandygyny aýtdylar.

Türkiýäniň harbylarynyň 25-nji aprelde çap eden beýannamasynda agzalan regionlaryň PKK-nyň Türkiýede harbylaryň obýektlerine we Diýarbakir şäherine hüjüm etmek maksatly söweşijileri ibermek üçin ulanýan esasy ýollary bolup durýandygy aýdylýar.

Zarbalaryň netijesinde adam pidalary barada dessine maglumat berilmedi.

PKK, ýagny Kürtleriň işçi partiýasy Türkiýe, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy gurama diýlip yglan edildi.

Ankara PKK-nyň agzalarynyň Yrakda we Siriýada kürt ilatynyň arasynda özlerine gaçybatalga tapýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG