Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy "gözgyny"


“Aziada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde köp sanly jaýlar ýer-ýegsan edildi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Aşgabatda geçýän Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan Adam hukuklary boýunça Dialogynyň öňüsyrasynda, ýurtdaky ýagdaýlar dogrusynda brifing hatyny ýaýratdylar.

Türkmenistanyň Adam Hukuklary boýunça Inisitawasy we Adam hukuklary boýunça Halkara Hyzmatdaşlygy toparlarynyň taýýarlan bilelikdäki brifinginde, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça milli planyň kabul edilmegi we adam hukuklary boýunça ombudsmeniň bellenmegi gowy garşylansa-da, iş ýüzünde adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gözgyny galýandygy nygtalýar.

Brifingde gazdan gelýän girdejileriň gaçmagy bilen agyr ykdysady ýagdaýy başdan geçirýän Türkmenistanyň, ýurtdaky bolýan ýagdaýlar dogrusynda maglumatlaryň çykmagynyň öňüni almak üçin, has köp tagalla edip başlandygyna üns çekilýär.

Muňa Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň yzarlanmagy, tussag edilmegi; Azatlyk Radiosynyň diňleýjileriniň soraga çekilmegi; daşary ýurt kanallaryny görmäge mümkinçilik beren satellet antennalarynyň sökülmegi; tankydy garaýyşly raýatlara basyşyň edilmegi ýaly çäreler mysal hökmünde getirilýär.

Mundanam başga, şu ýylyň fewralynda sesleriň 97,7%-i alyp, nobatdaky prezidentlik möhlete saýlanan G. Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň has-da güýçlenendigi aýdylýar.

Şeýle-de, brifingde geçen ýylyň iýulynda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň, Türkmenistanda türk ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşiklidir öýdülýänleriň yzarlanyp, tussag edilip, her dürli gynamalara hem sezewar edilendigi bellenilip geçilýär.

Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçmeli “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän giň gerimli taýýarlyklaryň çäginde paýtagtda we onuň eteginde, öňünden duýdurylmazdan we degişli kanuny sebäpsiz, köp sanly jaýlaryň ýer-ýegsan edilendigi-de ýatladylyp geçilýär.

Türkmenistanyň Adam Hukuklary boýunça Inisitawasy we Adam hukuklary boýunça Halkara Hyzmatdaşlygy toparlarynyň Aşgabatdaky geçýän Dialoga niýetläp taýýarlan brifinginde ýokarky meseleler bilen birlikde, özüňi erkin beýan etmek, ýygnanmak haky, hereket azatlygy, dini erkinlik, aýallaryň hak-hukuklary, ykdysady we jemgyýet hukuklary ýaly ugurlar boýunça-da alada döredýän meseleler gozgalýar.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG