Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy 'ene' sözüniň bomba bilen bir ýere sygmaýandygyny aýdýar


GBU-34 bombasy

Rim papasy Fransis amerikan harbylaryny iň uly ýadro däl partlaýjyny “Bombalaryň enesi” diýip atlandyrandyklary üçin tankyt etdi.

Ol eneligiň janalgyç ýarag bilen ýanaşdyrylmaly däldigini aýtdy.

6-njy maýda Watikanda studentleriň öňünde çykyş eden pop bu bomba berlen ady eşidende, özüniň “utanandygyny” aýtdy.

"Ene ömür berýär, o närse bolsa ölüm getirýär, biz bolsa ony ene diýip atlandyrýarys. Bu näme boldugy?” diýip, Fransis sorady.

ABŞ-nyň harby-howa güýçleri resmi taýdan GBU-43 diýlip atlandyrylýan bombany geçen aý gündogar Owganystanda, “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy ulandy.

Ol bombanyň lakamy bu hüjüm baradaky habarlarda giňden ulanyldy.

Pop Fransisiň 24-nji maýda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG