Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baş prokuror 'Aziada pul toplamagy başarmandygy üçin' işden boşadyldy


Prezident Aziada üçin pul tapylmaýndygyndan nägile bolýar.
Prezident Aziada üçin pul tapylmaýndygyndan nägile bolýar.

Türkmenistanyň maý aýynyň başynda işden boşadylan ozalky baş prokurory we onuň golasty işgärleri gurply adamlardan sentýabrda geçmeli Aziýa oýunlaryny maliýeleşdirmäge pul serişdelerini toplamagy üpjün edip bilmändikleri sebäpli wezipeleri bilen hoşlaşdylar.

IIM-niň başlygyna berlen “berk käýinç” hem prezidentiň halkara derejesinde geçirilýän sport çäresine serişde ýetmezliginden gazaba münmegi bilen bagly diýip, Azatlyk radiosynyň çeşmeleri gürrüň berdi.

Şeýle-de çeşmeler soňky aýlarda talap edilen ‘salgydy’ tölemekden boýun gaçyran telekeçileriň onlarçasynyň tussag edilendigini, köpüsiniň bolsa ýurtdan gaçyp çykmaga ýetişendigini tassyklaýarlar. Olaryň sözlerine görä, tussag edilen iş adamlaryna ýene türk ruhanysy Fethulla Gülen bilen aragatnaşyk saklamak aýyplamasy bildirilýär.

Bellemeli ýeri, biziň ýerli çeşmelerimiziň biri bu ýagdaý barada Amanmyrat Hallyýewiň baş prokurorlykdan şeýle uly galmagal bilen işden boşadylmagynyň birnäçe gün öňünden habar berdi.

Häkimiýet wekillerine ýakyn çeşme 29-njy aprelde bolan söhbetdeşlikde hususan-da Hallyýew bilen içeri işle ministri Igender Mulikowyň ýokarsyndaky bulutlaryň garalýandygyny aýtdy.

Prezident Isgender Mulikowdan gurply adamlaryň, şol sanda telekeçileriň we döwlet emeldarlarynyň hasabyna pul serişdelerini çekmek çäreleriniň aktiwleşdirilmegini talap edýär.Şunuň bilen baglylykda Aşgabatda we regionlarda görnükli telekeçileriň onlarçasy tussag edildi. Olary, talap edilýän puly bermedik ýagdaýlarynda, munuň netijeleriniň erbet boljagy bilen gorkuzýarlar. Prezident Mulikowyň we prokuraturanyň işinden örän nägile. Baýramalyda birnäçe prokuror we IIM-niň işgäri tussag edildi Öýleri dökülende, olaryň biriniň öýünden 15 million dollar möçberinde nagt pul tapyldy. Bu barada eýýäm prezidente habar berildi” diýip, Azatlygyň çeşmesi 29-njy aprelde gürrüň berdi.

Ozalky baş prokuror A.Hallyýew
Ozalky baş prokuror A.Hallyýew

Ýatladýarys, wezipesinden boşadylan prokurorlaryň arasynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň prokurory Nurmyrat Abdrasulow hem bardy. Prezident Berdimuhamedow 4-nji maýda geçiren maslahatynda prokuraturany we içeri işler organlaryny, baş prokuror Amanmyrat Hallyýew bilen bilelikde, korrupsiýada aýyplady we ondan gowrak prokurory işden boşatdy.

Şu gün biz hemmämiz üçin örän ýakymsyz ýagdaý bolan, gulluk borçlary boýunça halkymyzyň gymmatlyklaryna gönükdirilen islendik hyýanatçylykly hereketlere garşy göreş alyp barmaly hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda parahorluga we korrupsiýa baş goşan işgärler baradaky meselä seredýäris” diýip, Berdimuhamedow 4-nji maýda geçiren mejlisinde aýtdy.

Baş prokuror wezipesinden boşadylandan soň Azatlyk radiosynyň habarçysy bilen habarlaşan çeşmäniň beren maglumatyna görä, prezidentiň mejlisde aşa gaharly bolmagynyň sebäbi hukuk goraýjy organlaryň işgärleriniň öýlerinden tapylan uly möçberdäki pul we şol bir wagtda onuň Aziada serişde toplamak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligi bilen bagly.

Ýagdaý örän agyr we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi iri biznesmenlerden Aziada pul kömegini etmeklerini sorady. Mysal üçin, prezident Aziada üçin Erol Tabançydan (türk işewüri, Türkmenistandaky Polimeks Inşaat firmasynyň eýesi- Azatlygyň belligi) pul sorady. Şol wagtda-daprokuratura we içeri işler organlarynyň işgärleriniň öýünden millionlap nagt dollar tapylýar. Ol şeýle bir gazaba mündi, hemmeler Isgender Mulikow işden boşadylar öýtdi, emma ol häzir käýinç bilen gutuldy. Mulikow indi ýukajyk buzuň üstünde dur. Ony prezidentiň ýakyn töweregindäki täsirli adamlar bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy halas etdi” diýip, Azatlygyň häkimiýet gurluşlaryna ýakyn durýan çeşmesi tassyklaýar.

Aşgabat, Aziýa oýunlary üçin gurlan binalaryň biri.
Aşgabat, Aziýa oýunlary üçin gurlan binalaryň biri.

Şeýle-de ol, prezidentiň gahar-gazaby şu ýylyň 17-27-nji sentýabrynda söweş sungaty boýunça ýapyk binalarda geçirilmeli V Aziýa oýunlary golaýladygyça, gün-günden ýokarlanýar diýip, sözüni dowam etdirdi.

Bu oýunlar prezidentiň baş zürýadyna öwrüldi. Ol prezident üçin, öz sözleri bilen aýtsak, uly türkmen toýy bolmaly, emma ol toý gününi belledi, myhmanlary çagyrdy, pul bolsa ýetenok. Onsoň ol bu zatlaryň hemmesi masgaraçylyk bilen gutarmasa ýagşy diýipgaharlanýar. Indi IIM-niň başlygy Mulikowyň, pul tapmak wezipesi ýüklenen emeldaryň ykbaly başlanmanka hemmeleri bizar eden Aziadanyň nähili geçjegine bagly” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlygyň başga bir çeşmesi, iri iş adamlarynyň wekili hem onlarça telekeçiniň tussag edilendigini, köpleriň ýurtdan gaçmaga mejbur bolandygyny tassyk etdi.​

Bu telekeçileriň gysaja salymnagynyň ikinji tapgyry. Olary gülençilik hereketi (türk oppozisiýasynyň lideri Fehtulla Güleniň hereketi - Azatlyk) bilen iletişiklilikde hem aýyplaýarlar. Birnäçe biznesmen ýurdy terk etdi. Tussag edilenleriň arasynda “Nahal” gurluşyk kompaniýasynyň eýesi Seýitnur (atasynyň ady belli däl – Azatlyk) hem bar. Bu kompaniýa uly döwlet tabşyryklaryny (zakazlaryny) aldy, şol sanda Aşgabatda ýurtdaky iň uly medisina şäherçesini gurdy. Mundanam başga, gurply emeldarlar hem tussag edildi. Mysal üçin, Baýramalynyň ýag kombinatynyň Aşyr Gök atly baş direktory tutuldy” diýip, iri biznesiň wekili aýtdy.

Iş adamlaryny we gurply kişileri halkara derejesinde geçirilýän sport çäresine pul tapmak üçin ýanamak, yzarlamak Türkmenistanyň häkimiýetleriniň döwlet gaznasyny doldurmak synanyşygynyň täze bir derejesine çykandygyny görkezýär. Muňa çenli olar býujet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň 50 prosentine çenli tutup aldylar, nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyklarynyň goşundylaryny ýatyrdylar, kiçi biznese goşmaça, dil üstünden salgyt saldylar.

Türkmenistan, ekspertleriň pikirlerine görä, 1990-njy ýyllaryň başynda garaşsyz ýurt bolaly bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär. Ykdysady kynçylyklar energiýa serişdeleriniň dünýä nyrhlarynyň pese gaçmagy bilen bagly we Türkmenistan gaz eksportyna garaşly bolmagynda galýar.

Aşgabatda täze gurlan halkara uçar menzili.
Aşgabatda täze gurlan halkara uçar menzili.

Türkmenistanyň paýtagty V Aziýa oýunlarynyň beýemçiligine 2010-njy ýylyň dekabrynda saýlandy. Ol wagt tebigy gazyň nyrhy ýokarydy, türkmen gazy birnäçe ugur boýunça eksport edilýärdi we döwlet býujetine onlarça milliard dollar girdeji girýärdi.

Aşgabatda Aziýa oýunlary üçin eýýäm 8 milliarda golaý dollar harçlandy, şol sanda Olimpia şäherçesine 5 milliard dollardan gowrak serişde, täze halkara aeroporta bolsa 2,3 milliard dollar harçlandy.

XS
SM
MD
LG