Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýada Darwiniň teoriýasyna garşy çykylýar


Çarlz Darwin.
Çarlz Darwin.

Intellektuallaryň bir topary Darwiniň ewolýusiýa teoriýasynyň hakykatlygyna garşy çykmak bilen serb jemgyýetinde düýpli bölünişigi emele getirdi.

Näbelli “guramaçylykly raýatlaryň” Belgraddaky parlamente beren anti-Darwin arzasyna, onlarça intellektuallaryň gol çekendigini ýerli media habar berdi.

Bu inisiatiwada, “ýer ýüzüniň döremeginiň ewolýusiýaly taryhy” diýlip kabul edilýän darwinizm garaýyşlary bilen birlikde, dini matlaply ýaradylyş teoriýasynyň hem serb mekdeplerinde ewolýusiýa bilen deň derejede geçirilmegi talap edilýär.

Arzanyň gurmaçylary darwinizmiň adamzadyň ýaradylyş teoriýalaryndan diňe biridigini ýatlatmak bilen onuň teoriýanyň ylmylygy sorag astyna alyp, mekdep kitaplaryndaky darwinizmiň agalyk edýän ornuna garşy çykmagy maksat edinendiklerini aýtdylar.

Belgrad Uniwersitetiniň professory Ljiljana Colic “ Men (Darwiniň) ewolýusiýa teoriýasynyň adamlaryň maýmyndan gelip çykandygyny öňe sürmek bilen diňe prawoslawlary (hristianlary) däl, eýsem hemme (dini) ynanjy bolan adamlary ynjydýandygyny aýdýan” diýdi. Ol bilim ministri bolup işlän wagty, onuň 2004-nji ýylda darwinizmi mekdep meýilnamalaryndan çykarmak synanyşygy wezipesinden çetleşdirilmegine sebäp boldy.

Colic danas.ru websaýtyna arza gol çekendigi üçin begenýändigini, sebäbi onda ýazylanlar barada düýpli ylalaşýandygyny aýtdy.

Belgrad Uniwersitetiniň biologiýa bölüminiň dekany Zeljko Tomanovic, “Bu gadymy ýaradylyş ideýalary düýpli anahronizm (häzirki zaman şertlerine gabat gelmeýän könelişen pikir) we ylma gabat gelmeýär. Ýaradylyşyň ýokarda agzalanlary subut edýän hiç hili subutnamasy we ewolýusiýany inkär edýän ylmy maglumaty ýok” diýdi.

Arza Serbiýanyň belli elitleri tarapyndan gol çekilmeginden daşary, käbir abraýly gazetler tarapyndan hem arzanyň tarapy çalyndy.

Mesele ýurdy ikä böldi. Ýaradylyşyň tarapdarlary, Serbiýadaky ýokary derejeli işsizlik (2016-njy ýylda 16 göterim), Brýusseliň Belgrada ýakyn gatnaşyk etmek we soňunda Bileleşige agza bolmak isleglerine biperwaý garaýandygy barada öňe sürülýän pikirler sebäpli, Günbatara garşy we antiglobalist akymlardan peýdalandy.

AÝ/AR-nyň Balkan bölüminiň habarçysynyň aýtmagyna görä; ol ýerde Liberal demokratiýa barada lapykeçlik we hatda Günbatara garşy gazaplylyk bar. Dogmatik, konserwatiw hereketler bolsa ösüşe geçipdir.

Mekdeplerde ýaradylyş teoriýasynyň öwredilmegi üçin basyş edýän serb prawoslaw kilisesiniň artýan täsirinden gorkýanlar, beýle teklipleriň ýurduň bilim sistemasyny gowşatmagyndan, ylmy hem-de beýleki möhüm temalarda halk erkiniň peselmeginden howsala edýärler.

Milli geňeş – içinde doktorlaryň, professorlaryň, ruhanylaryň, syýasatçylaryň we hatda käbirleriniň Serb Ylymlar akademiýasynyň agzalaryna degişli bolandygy aýdylýan 166 kişiniň gol çeken arzasyny kabul edendigini aýtdy.

Ýöne Ylymlar akademiýasy arzadaky pikirler bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy we öz agzalaryndan diňe iki sanysynyň bu dokumente gol çekendiklerini hem üstüne goşdy. Mediada ilki aýdylyşyna görä, akademikleriň onlarçasy arza gol çekipdir.

Parlamentiň ylym, bilim we tehnologiýa komitetiniň agzasy Aleksandar Jerkova danas.ru websaýtyna, “bu arza gol çekenler bilimde (serb mekdepleriniň ýüzbe-ýüz bolýan) ýurdumyzyň geljegini kesgitlejek esasy meseleleri çözmäge çalyşmaýarlar” diýip gürrüň berdi.

Ol serb mekdeplerindäki meýilnamalaryň we standartlaryň “20-nji asyrdaky derejesinde” galandygyny we bu anti-Darwin arzanyň hem “mekdepleri 19-njy asyryň başlangyjyndaky standartlara yza tesdirjekdigini” aýtdy.

Belgradly ýaşaýjy Stevan Karic AÝ/AR-na: “Meniň-ä (ýaradylyşçy inisiatiwasy barada) habarym ýok. Meniň pikirimçe bu ewolýusiýanyň tersi” diýip jogap berdi.

AÝ/AR Balkan bölüminden Dragan Stavljanin we Gordana Knezeviciň habarlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG