Sepleriň elýeterliligi

Tramp Orsýet bilen gatnaşyklaryň täzelenmegini isleýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson prezident Donald Trampyň oňa Moskwa bilen gatnaşyklary ösdürmek maksatly “gaýtadan dikeltmek” prosesine başlamagy tabşyrandygyny aýtdy.

Tillersonyň 6-njy iýunda Täze Zellandiýada aýdan bu sözleri, Federal howpsuzlyk agentliginiň (FBI) we Kongressiň Orsýetiň geçen ýylda ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşan bolmagy güman edilip geçirilýän derňewlerine gabat geldi.

Tramp "meniň bilen açyk gepleşip, Orsýetiň möhüm global oýunçydygyny aýtdy we şu günki gün biziň Orsýet bilen gatnaşyklarymyzyň örän pes derejede bolup, ýaramazlaşýandygyny aýtdy” diýip, Tillerson belledi.

Tillersonyň eden bu çykyşy Federal howpsuzlyk agentliginiň öňki başlygy James Komeýiň Senatyň Aňtaw komitetinde çykyş etmeginiň öňýanynda gabat geldi. Komeýiň 8-nji iýunda etjek çykyşynda Orsýetiň ABŞ-nyň geçen ýylky saýlawlarynda oýnan roly barada maglumat bermegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG