Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň mekdeplerindäki gutardyş ekzamenlerinde ‘hilegärlikler bolýar’


Illýustrasýa
Illýustrasýa

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwlar tamamlanyp, synag möwsümi dowam edýän mahaly, Aşgabadyň käbir mekdeplerindäki gutardyş ekzamenlerinde, hilegärligiň bolýandygyny aýdyp, ene-atalaryň ençemesi nägile bolýar.

Aşgabadyň 21-nji, 44-nji, 48-nji, 54-nji we 71-nji mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň ene-atalarynyň azyndan ýedisi Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri bilen habarlaşyp, şu ýylyň 1-nji iýunynda türkmen dili we edebiýaty sapagy boýunça ýazylan düzmäniň netijeleri mälim edilende, ýylyň başyndan bäri ýokary baha alýan çagalaryna pes bahanyň, gowşak okaýan okuwçylaryň käbirlerine ýokary bahanyň goýlandygyny aýdypdyrlar.

“3-nji iýunda ekzameniň netijeleri yglan edilende, dörtlik baha alan çagalarymyz mugallymlaryndan öz gowşak okaýan klasdaşlaryna ýokary we özlerine pes bahanyň goýulmagynyň sebäplerini sorapdyrlar. Ýöne olara anyk jogap bermändirler. Soňra biz mekdep mugallymyna we direktoryna ýüz tutanymyzda, olar bize ‘siz islän ýeriňize arz edip bilersiňiz, biz hiç kime üýtgedip baha goýamyzok’ diýip jogap berdiler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran ene-atalaryň biri aýtdy.

Şu ýyl 11-nji klasy tamamlaýan okuwçylaryň we olaryň ene-atalarynyň käbiri munuň sebäpleriniň gurply ene-atalaryň ýa-da ýokary wezipeli adamlaryň mugallymlara para-sowgat berip, öz çagalaryna ýokary baha goýdurmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar bu mesele boýunça özleriniň etrap bilim bölümine we ondan ýokary edaralara arza bilen ýüzlenjekdiklerini sözüniň üstüne goşdular.

Azatlyk Radiosy ene-atalaryň we mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň bu aýdýanlary dogrusynda kommentariý almak üçin, Aşgabadyň 21-nji, 44-nji, 48-nji, 54-nji we 71-nji mekdepleri bilen habarlaşdy. 54-nji mekdebiň jogapkär resmisi bizden “soňrak jaň etmegi” sorap, bu barada maglumat bermekden saklandy. Edil şunuň ýaly beýleki mekdepleriň resmilerine hem bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdimek başartmady.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew käbir mugallymlara salgylanyp, okuwçylaryň käbiriniň bahasynyň peseldilip goýulmagynyň sebäplerini, mugallymlaryň klasyň aglaba bölegine ýokary baha goýup, göze ilmezlik we ünsi özlerine çekmezlik üçin edýän tagallalary diýip düşündirýär.

“Dogry işläp, mydama hakykatyň tarapynda boljak bolýan, ýöne öz hakykatyny gögerdip bilmeýän mugallymlaryň aýtmagyna görä, meselem, bir klasdaky 30 okuwçynyň 10-sy öz bahasyna, öz güýjüne bäşlik alsa, 10-12-ne biz ýüz görüp, ýagny ata-enesiniň göwnüni ýykmazlyk üçin ýa-da alnan para-peşgeş üstünden ätlemezlik üçin [bäşlik] goýsak, onda 30 okuwçydan 22-si bäşlik baha bolsa, oňa hiç kim ynanjak däl” diýip, Bugaýew aýtdy.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy bilen wagtal-wagtal habarlaşýan käbir ene-atalar ýurtda gurply ene-atalaryň ýa-da ýokary wezipeli adamlaryň mugallymlara para-sowgat bermek arkaly öz çagalaryna ýokary baha goýdurmagynyň şu ýyl ýüze çykan waka däldigini aýdýarlar.

Mundanam başga, mugallymlaryň soňky klasy tamamlaýan okuwçylaryň käbirine mekdebiň tertip-düzgünini berjaý etmäni üçin, pes baha goýýandygy barada hem Ahal welaýatyndan, bir okuwçy gyz habar beripdi.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, ýokarda gürrüňi edilýän meseleler dogrusynda Türkmenistanyň media serişdelerinde ýa-da ýokary derejeli ýygnaklarda gürrüň gozgalmaýar. Emma ene-atalaryň käbirleri şeýle “adalatsyzlygyň” çagalaryň geljege we hakykata bolan ynamyny ýitirmegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG