Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran resmileri Tährandaky hüjümleri YD goşulan eýranlylaryň amala aşyrandygyny aýtdylar


Aýatolla Ruhollah Homeininiň guburynyň golaýynda, Tähran, 7-nji iýun, 2017
Aýatolla Ruhollah Homeininiň guburynyň golaýynda, Tähran, 7-nji iýun, 2017

Eýranyň howpsuzlyk resmileri Tähranda bolan adam pidaly iki sany ok atyşygy amala aşyran hüjümçileriň “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist toparyna goşulan Eýranyň raýatlarydygyny 8-nji iýunda mälim etdiler.

Eýranyň telewideniýesinde çykyş eden we “Shargh” garaşsyz neşir tarapyndan sitirlenen Milli Howpsuzlyk boýunça baş geňeşiň resmisi Reza Seifollahi bu maglumaty, 13 adamyň ölümine we 40 adamyň ýaralanmagyna getiren goşa hüjümiň jogapkärleri barada özüne berlen soraga jogabynda mälim etdi.

“Hüjümçileriň şahsyýeti barada aýdylanda, men olaryň Eýranyň içinden we Daeşe goşulandygyny aýdyp bilerin” diýip, eýran resmisi aýtdy we “Yslam döwleti” toparynyň arap adyny ulandy.

YD topary hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Emma Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary edarasy we käbir ýokary derejeli ýurt resmileri 7-nji iýunda Saud Arabystanyny we ABŞ-ny aýypladylar.

"Yslam döwleti" topary Eýranda ilkinji gezek uly hüjümi amala aşyrdy. Eýran Yrakda we Siriýada YD toparyna garşy söweşýär. Söweşiji topar Eýranyň ilatynyň 90%-ni emele getirýän şaýy musulmanlary dinden çykan hasap edýär. Emma YD topary Eýranyň esasan Yrak we Pakistan bilen serhetlerine golaý ýerlerde ýaşaýan sünni ilatyndan bolan adamlary hakyna tutýar.

XS
SM
MD
LG