Korrupsiýa garşy göreşýän aktiwist we oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý korrupsiýa garşy planlaşdyrylan protestleriň öňüsyrasynda Moskwada öýüniň golaýynda tussag edildi.
Onuň aýaly Ýuliýa Nawalnaýa adamsynyň öz tarapdarlaryny 12-nji iýuna planlaşdyrylan protestleri geçirmäge ündändigini Twitter arkaly habar berdi.
Nawalnynyň korrupsiýa garşy göreş fondundaky çeşmeler öz edara jaýlarynda elektrik togunyň we internetiň kesilendigini aýtdylar.
Moskwadaky protestler ýerli wagt bilen 14:00 bellendi. Şuňa meňzeş demonstrasiýalaryň ýene 200 çemesi şäherde geçirilmegi planlaşdyryldy.
Moskwadaky demonstrasiýanyň häkimiýetler tarapyndan rugsat berlen ýerinde şäheriň çet böleginde geçirmek göz öňünde tutulypdy, emma 11-nji iýunda Nawalnyý öz tarapdarlaryny Kremliň golaýyndaky Twerskaýa merkezi köçesinde geçirmäge çagyrdy.
Nawalnynyň korrupsiýa garşy mart aýynda geçiren protest aksiýasyna köp adam gatnaşyp, diňe Moskwanyň özünde 1000 çemesi adam tussag edilipdi.