Sepleriň elýeterliligi

Orsýet 1560 protestçini tussag etmegi üçin tankytlandy


Diňe Moskwada 866 protestçi polisiýa tarapyndan tussag edildi, Moskwa, 12-nji iýun, 2017.

ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we adam hukuklaryny goraýjy toparlar Orsýetde ýüzlerçe parahatçylykly protestçiniň tussag edilmegini ýazgardylar.

12-nji iýunda tutuş ýurt boýunça dürli şäherlerde geçirilen korrupsiýa garşy protestlerde oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň 1560 tarapdary tussag edildi, şol sanda 866 adam Moskwada we 548 adam Sankt Peterburgda.

Polisiýanyň protestlerdäki hereketlerini hasaba alýan hökümete degişli bolmadyk halkara guramasy OWD-info tussag edilen protestçileriň aglabasynyň 13-nji iýunda irden boşadylandygyny aýtdy.

Nawalnynyň özi 12-nji iýunda, Moskwada protestleriň öňüsyrasynda tussag edildi we rugsat berilmedik ýörişleri guramalaşdyrmak üçin 30 günlük tussaglyga höküm edildi.

Ak Tam 12-nji iýunda Orsýeti ähli demonstrantlary boşatmaga çagyrdy we tutha-tutluklary “demokratik gymmatlyklary ýok etmek boýunça synanyşyk” diýip atlandyrdy.

Nawalnyý prezident Wladimir Putiniň goly astyndadygyny aýdýan korrupsiýa sistemasyna garşylyk bildirmek üçin protestlere çagyrypdy.

XS
SM
MD
LG