Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň senatorlary Orsýete garşy sanksiýalary güýçlendirmegi ylalaşdylar


Senatyň demokratik lideri Çak Şumer, Waşington, 9-njy maý, 2017

Birleşen Ştatlaryň senatorlary adam hukuklarynyň bozulmagy, Siriýa hökümetini ýaraglandyrmak, şeýle hem Amerikanyň prezident saýlawlaryna garşymagy sebäpli Orsýete garşy täze sanksiýalary girizmek babatda iki partiýa arasynda ylalaşyga gelnendigini aýdýarlar.

“Daşarky gatnaşyklar” we “Bank ulgamy” boýunça iki komissiýadaky demokratlar we respublikanlar 12-nji iýunda gijagşam bir düzediş hakda ylalaşdyrlar. Bu düzedişe laýyklykda, Eýran baradaky sanksiýalar hakda Kongresde geçmeli maslahatyň üstüne goşular. Ol şeýle hem Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli ýerine ýetiriş buýrugy esasynda girizilen öňki sanksiýalary kanuna öwrer. Şeýlelikde, Ak tam häzirki sanksiýalary gowşatmaga synanyşan halatynda, Kongres onuň öňüni bökdemäge hukukly bolar.

Täze sanksiýalar beýlekiler bilen birlikde adam hukuklaryny bozmakda, Siriýa hökümetini ýarag bilen üpjün etmekde we rus hökümeti tarapyndan kiber hüjümlerini amala aşyrmakda günäli tapylan orsýetlileri öz içine alar.

Täze çäreler öňki sanksiýalarda nyşana alnan energiýa we maliýe guramalaryndan daşgary dag-magdan, metal sektory, gämi we demirýol gatnawy ýaly Orsýetiň esasy ykdysady ugurlaryna hem sanksiýa girizmäge ýol açýar.

Çaklanmagyna görä, bu çäre Eýran sanksiýasy baradaky kanun taslamasyna artdyrylan goşmaça hökmünde ýakyn günlerde sese goýlar. Hem respublikanlar, hem-de demokratlar tarapyndan goldalýan bu taslamanyň senatda aňsatlyk bilen kabul edilerine garaşylýar.

Taslama wekiller palatasyndan geçip, amerikan prezidenti Donald Tramp tarapyndan gol çekileninden soňra kanuna öwrülýär.

Saýlaw kampaniýasynda Orsýet baradaky sanksiýalary gowşatmaga meýil görkezen Tramp kanun taslamasyna gol çekmedik halatynda, bu taslamanyň tarapdarlarynyň aýtmagyna görä, onuň goýan wetosyny ret etmek üçin, Kongresde ýeterlik goldaw bar.

Senatyň Daşarky gatnaşyklar boýunça komissiýasynyň başlygy Bob Korker özüniň kanun taslamasy hakda döwlet sekretary Reks Tillerson bilen pikir alşandygyny aýdýar. Onuň bellemegine görä, taslamanyň kabul edilmezligi onça ähtimal däl.

“Men administrasiýanyň taslamany goldamak barada oňat oýlanjagyna ynanýaryn” diýip, Korker aýtdy.

Senatyň demokratik lideri Çak Şumer hem: “Biz häzirki sanksiýalary kanuny tertibe salmak we olary gowşatmak ýa ýatyrmak baradaky kararyň Kongresiň gözegçiliginden geçmegini talap etmek bilen Birleşen Ştatlaryň prezident Putini edýän oýlanyşyksyz we durnuksyzlaşdyryjy işleri üçin jezalandyrmagyny dowam etdirmegini kepillendirýäris” diýdi.

Şumer soňra hem täze sanksiýalar “Orsýete we biziň saýlawlarymyza garyşmagy mümkin haýsy hem bolsa başga bir ýurda iki partiýa tarapyndan berlen güýçli beýanat bolar” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Öňki prezident Barak Obama prezidentlik döwrüniň soňky aýynda Orsýetiň aňtaw gulluklaryna garşy sanksiýa girizipdi. Ol muny hem olaryň saýlaw işlerine garyşmaga synanyşandygy bilen delillendiripdi. Ýerine ýetiriş buýrugy boýunça girizilen bu sanksiýalar täze çäre bilen indi kanuna öwrüler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG