Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Bankda bolan partlamada 29 adam wepat boldy


Helmand Eid baýramçylygynyň öňüsyrasynda, 21-nji iýun, 2017.
Helmand Eid baýramçylygynyň öňüsyrasynda, 21-nji iýun, 2017.

Owgan resmisi ýurduň günortasynda bankyň öňünde awtoulagda goýlan bombanyň partlamagy zerarly azyndan 20 adamyň wepat bolandygyny habar berdi.

Helmand welaýatynyň metbugat wekili Omar Zwak welaýatyň paýtagty Laşkar Gahda 22-nji iýunda bolan partlamada 50-den gowrak adamyň ýaralanandygynyaýtdy.

Adam pidalarynyň arasynda parahat ýaşaýjylar, “New Kabul Bank” edarasynyň ýerli bölüminiň işgärleri we howpsuzlyk güýçleriň wekilleri bar.

Zwak içi prtlaýjy serişdeli awtoulagyň Remezan aýyny jemleýän Eid baýramçylygynyň öňüsyrasynda öz aýlyklaryny almak üçin bankyň öňünde jemlenen harbylaryň we polisýa wekilleriniň nobatynyň golaýynda partladylandygyny mälim etdi.

Partlamanyň yzýany bankyň içinde ok atyşyk boldy, diýip welaýatyň geňeşiniň agzasy Mohammad Karim Atal aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini dessine öz üstüne alan bolmady. Geçmişde “Talyban” we “Yslam döwleti” ýaly söweşiji toparlar banklara ençeme gezek hüjüm edipdi.

Geçen aýda Gardez şäherinde banka edilen hüjümde azyndan üç adam öldürildi we ençeme adam ýaralandy.

Helmand “Talybanyň” galasy hasaplanýar. Topar welaýatyň territoriýasynyň 80% çemesine gözegçilik edýär.

XS
SM
MD
LG