Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Aşgabatdaky bibatlyklar üçin käýinç paýlady


Aşgabat. Suwsuz çüwdürim
Aşgabat. Suwsuz çüwdürim

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji iýunda Aşgabady ösdürmek we Aziada-2017-ä taýýarlyk barada maslahat geçirip, wise-premýer D.Amangeldiýewe, şäher häkimi Ş.Durdylyýewe we beýleki resmilere işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi, soňky duýduryşlaryny berdi we käbir kadrlary çalyşdy.

Emma synçylar bu käýinçleriň we kadr çalyşmalaryň oňyn netije bermeýändigini aýdýarlar.

Türkmen lideri golaýda paýtagtyň ýokarsyndan dikuçarly gözegçilik edip, adamlaryň dynç almagy üçin amatly şertleriň, gök zolaklaryň döredilmegi, ýolagçylar we sürüjiler üçinamatlyklary üpjün etmek, şäheriň ýol-ulag düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyşy boýunça tankydy bellikler edipdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, indi prezident “jemgyýetçilik ulaglary üçin duralgalaryň ýerleşdirilmegine, ýerüsti we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna oýlanyşykly çemeleşilmeýändigini” ýüze çykarypdyr. Bellemeli ýeri, Aşgabat bilen bagly proýektleriň ählisiöňünden prezident bilen maslahatlaşylýar we onuň tassyklamagy netijesinde amala aşyrylýar.

Türkmen mediasy Berdimuhamedowyň Aşgabady dünýäniň iň döwrebap şäherleriniň birine öwürmek talaplary baradayzygiderli habar berýär, Ministrler kabinetiniň mejlislerinde bu mesele barada köp gürrüň edilýär we telewideniýede döwlet baştutanynyň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly açylyp, ulanylmaga berilýän desgalar, parklar görkezilýär.

Ikinji tarapdan,ýerli synçylar Aşgabady abadanlaşdyrmagyň Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny berkitmegiň guralyna öwrülendigini, hakykatda soňky ýyllar paýtagtyň il arasynda ‘elitniý’ diýilýän, ýagny prezidentiň görjek, telewideniýede görkeziljek bölegi bilen o diýen üns berilmeýän ikinji bölege bölünendigini, şol bir wagtda ýönekeý adamlar üçin rahatlygyň, saýaly baglaryň azalandygyny aýdýarlar.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, soňky ýyllar abat zatlaryň bibat edilmegi Aşgabadyň baş problemasyna öwrüldi. Ol bu sözüne Nesimi seýilgähini, “Garaşsyzlyk” seýilgähini mysal getirýär.

Aýdylmagyna görä, soňky seýilgäh 350-400 gektar meýdany tutýar, onuň suw çüwdürimleriniň ýarysy işlänok, beton plitalary döwük-ýenjik, şeýle-de bu parkda oturdylan yşyklandyryş sütünleriniň ýanýan çyrasyndan ýanmaýany has kän.

Munuň üstesine, ol ýere dynç almaga baran adamlary, ‘bu ýere gelme, beýläk git’ diýip kowýarlar diýip, ýaşaýjylar gürrüň berýär.

Ýazyjy Bugaýew bu seýilgähiň dört tarapyndan uly köçeleriň geçýändigini we şol ýerden seretseň, onuň gül ýaly bagdygyny, emma içine girseň, gurap oturan baglary görüp, gözüňe ynanyp bolmaýandygyny gürrüň berdi.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Aşgabatdaky gurluşyklaryň hili pes,olar diňe basymrak dabaraly açmak üçin gurulýana çalym edýär we şu sebäpden soň derrew aýyplary açylýar.

Prezident adatça Aşgabatdaky özgerişlikleri öwýär, emma ýönekeý aşgabatlylar paýtagtyň ‘elitniý’ diýilýän jaýlarynda, olaryň töwereklerinde hem,gyssanmaç tabşyrylan desgalar zerarly, kemçilikleriň juda kändigini aýdýarlar. Ikinji tarapdan, ol kemçilikleri düzetmek hem, ýa serişde ýetmezçiligi, ýa guramaçylyk meselesi sebäpli, ýyllap soňa goýulýar.

Aýdaly, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň maglumatyna görä, ýerli ýaşaýjylar Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda, Daşary ykdysady aragatnaşyklar bankynyň garşysynda ýerleşýän üç sany 12 gatlyjaýyň birinde iki ýyl bäri liftiň işlemeýändigini habar berýärler.

Prezident Berdimuhamedow maý aýynyň başynda korrupsiýa garşy berk göreşmegi wada beripdi. TDH Ýokary gözegçilik edarasynyň Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de jemagat hojalygy gulluklarynyň işleri boýunça barlag geçirendigini habar berýär.

Emma şäher gurluşygy bilen bagly korrupsiýa faktlarynyň ýüze çykarylandygy aýdylmady. Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow barlaglary dowam etdirmegi tabşyryp, ýene-de adaty çözgüdine, käbir kadrlary çalşyrmak, käbirine käýinç bermek kararyna geldi.

Ýerli synçylar, şol sanda ýazyjy A.Bugaýew, hukuk goraýjy Farid Tuhabtullin bu kadr çalyşamalaryň we käýinçleri ýurtda işleriň ilerlemegine oňyn täsir etmeýändigini belleýärler. Tuhbatullin ýurtdaky esasy meseläni sowet döwründen bäri gelýän komanda-adminstratiw dolandyryş usulynda görýär.

“Meniňçe, şu usuldan ýüz öwrülmese, adamlarda diňe gorky däl-de, öz işine gyzyklanma bolmasa, Aşgabatda-da, tutuş ýurtda hem ýagdaý üýtgemez” diýip, hukuk goraýjy F.Tuhbatullin aýtdy.

Onuň pikiriçe, adamlarda hakyky gyzyklanma bolmasa, olar problemalary çözmeýärler, eýsem daşyndan çözen ýaly görünmäge, berlen tabşyrygy köre-kör ýerine ýetirip, hakyky netije, erteki gün hakynda pikir etmezlige çalyşýarlar.

XS
SM
MD
LG