Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Hünärment mekdepleriniň okuwçylary dynç alşa goýberilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň hünärment mekdepleriniň okuwçylary üçin tomusky dynç alyş möwsümi başlansa-da, olaryň aglabasy Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklar sebäpli öýlerine goýberilmedi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Mary şäherindäki pedagogika uçilişesinden (mugallymçylyk hünär mekdebi), medisina uçilişesinden (lukmançylyk hünär mekdebi) we nebit-gaz hünär mekdebinden ortaça 150 çemesi okuwçy kursdan kursa geçiş ekzamenleri tamamlanandan soň, umumy ýaşaýyş jaýlarynda alnyp galyndy.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu mekdepde çagalary okaýan ene-atalaryň ençemesine salgylanyp, bu okuwçylaryň öýlerine goýberilmezliginiň Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli geçirilýän atly ýörişiň häzirki wagt Mary welaýatynda dowam etmegi bilen baglanyşyklydygyny we olaryň bu atlylary garşy almak çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýändigini gürrüň berdi.

“Agzan okuw jaýlarymyzyň okuwçylarynyň belli bir bölegi atly ýöriş başlanmazyndan iki hepde çemesi ozal, welaýatda ýörite taýýarlanylan medeni topara goşuldylar. Olar gelýän atlylary garşy almak hem-de barýan ýerlerindäki dabaralary şowhunlandyrmak üçin aýdym aýdýarlar we tans edýärler. Ýa-da baýdak galgadyp, el çarpýarlar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ene-atalaryň ençemesi Marydaky atly ýörişiň Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna birnäçe gün galýança, ýagny sentýabr aýynyň 14-ne çenli dowam etjekdigine ünsi çekip, dynç alyşsyz, täze okuw ýylyna başlamaly edilen çagalarynyň kösenýändigini aýdýar.

“Ata-eneler ‘demiň içiňde bolsun. Geçer-gider. Aziada her gün bellenenok. Bir ýyl, hamana, kanikulsyz okanmyşyň. Eger sähel gaňryş-dawa etseň, nägileligiňi aýtsaň, okuwdan çykaryljagyň ujy iki däldir’ diýip, öwüt-ündew berýäris diýýärler” diýip, Bugaýew ene-atalara salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda Mary şäherindäki pedagogika uçilişesi, medisina uçilişesi we nebit-gaz hünär mekdebi bilen habarlaşanda, bu barada haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Emma bu maglumat Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabatda şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, käbir ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň we mugallymlaryň ençemesiniň tomusky dynç alşa goýberilmändigi barada ýaýran maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň Aşgabatdaky harby ýokary okuw jaýlarynyň kursantlarynyň, ýagny studentleriniň onlarçasyna tomusky dynç alyşlary döwründe öýlerine gitmegiň deregine, olimpiýa şäherçesiniň golaýynda howpsuzlyga gözegçilik etmek tabşyryldy.

“Biz tä ‘Aziada-2017’ açylyp, sport bäsleşigi tamamlanýança, şu işlere gözegçilik etmeli edildik” diýip, harby okuw jaýynyň studenti aýtdy.

Mundanam başga, adynyň efirde tutulmazlygyny soran Aşgabadyň çeperçilik akademiýasynyň mugallymy akademiýanyň mugallymlarynyň aglabasynyň Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklar bilen bagly, bu ýylky zähmet rugsadyna çykyp bilmändigini gürrüň berdi.

Galyberse-de, diňe bir bilim işgärleriniň däl, käbir beýleki edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem Aziýa oýunlary geçýänçä, dynç alyş rugsadyna goýberilmeýändigini edara-kärhanalaryň käbir işgärleri aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG