Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Musulman ilatly alty ýurduň raýatlary üçin wiza çäklendirmesi güýje girdi


ABŞ-nyň prezident Donald Tramp syýahatçylyk çeklendirmesi barada permana gol çekýär, Waşington, 27-nji ýanwar, 2017
ABŞ-nyň prezident Donald Tramp syýahatçylyk çeklendirmesi barada permana gol çekýär, Waşington, 27-nji ýanwar, 2017

ABŞ-da esasan musulman ilatly alty ýurduň raýatlary babatyndaky wiza çäklendirmeleri güýje girdi.

29-njy iýunda güýje giren wagtlaýyn düzgüne görä, Siriýanyň, Somaliniň, Sudanyň, Liwanyň, Eýranyň we Ýemeniň eýýäm wiza eýe bolan raýatlary ABŞ baryp bilerler.

Emma şol ýurtlaryň wizany indi almak isleýän raýatlary ABŞ-da ýakyn garyndaşlarynyň ýaşaýandygyny ýa-da ABŞ-nyň kompaniýalary bilen resmi arabaglanyşygyny subut etmeli bolarlar.

90 günlük syýahatçylyk gadagançylygy bilen bilelikde bosgunlaryň ABŞ barmagyna girizilen 120 günlük gadagançylyk hem güýje girdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň öňe süren bu çäklendirmesi ýanwar aýynda ilkinji gezek mälim edilende tutuş dünýäde aeroportarda protest we bulam-bujarlyk döredipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar düzgüne garşy kanun taýdan çäre görmäge çagyrdylar. Soňky pursatda Trampyň administrasiýasy ýakyn garyndaşlaryň sanawyna gelinlikleriň goşulmagyna razylyk berdi.

XS
SM
MD
LG