Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystanynyň patyşasy Uly-20 guramasynyň sammitine gatnaşmak planyny ýatyrdy


Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bin Albulaziz

Germaniýanyň hökümetiniň metbugat-wekili Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bin Albulaziziň 7-8-nji iýulda Hamburgda geçiriljek Uly-20 guramasynyň sammitine gatnaşmajagyny mälim etdi.

Metbugat wekili Steffen Seibertiň 3-nji iýulda aýtmagyna görä, Saud Arabystanynyň hökümeti 81 ýaşly patyşanyň Uly-20 guramasynyň ýyllyk duşuşygyna barmajagyny Berline habar beripdir. Seibert patyşa Salmanyň saparynyň ýatyrylmagynyň sebäplerini mälim etmedi.

Emma Saud Arabystanynyň diplomatik çeşmeleriniň 3-nji iýulda dpa agentligine aýtmagyna görä, saparyň ýatyrylmagy Saud Arabystanynyň Katar bilen dawasyna bagly.

Iýun aýynda Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygynda goňşy ýurtlar Bahrein, Birleşen Arap Emirlikleri we Müsür Katary terrorçylygy goldamakda aýyplap, onuň bilen gatnaşygyny kesdiler.

Saud Arabystanynyň patyşasynyň ýerine maliýe ministri Mohammed al-Jadaan Uly-20 guramasynyň sammitine gatnaşar.

XS
SM
MD
LG