Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda awtobus gatnawlarynyň ýygylygy azaldy


Aşgabadyň köçeleriniň birinde awtobusa garaşýan ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň, hususan-da, awtobus gatnawlarynyň ýygylygynyň azalandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň sözüne görä, bu ýagdaý Saparmyrat Türkmenbaşy, Nurmuhammet Andalyp köçelerinde we köne aeroport, Hitrowka, Çoganly, Şor diýlip atlandyrylýan raýonlardaky awtobus gatnawlarynda has köp göze ilýär.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew agzalýan köçelerdäki we raýonlardaky duralgalarda indi ýolagçylaryň öňküsinden üç esse köp wagt garaşmaly bolýandygyny we şu sebäpli bu ýerde jemgyýetçilik transportuna garaşyp duran adamlaryň sanynyň kä halatda 30-40-a ýetýändigini aýdýar.

“Öň, meselem, bir awtobus gitse, ýerine ikinji awtobus gelýärdi. Aýdaly, 16-njy marşrut boýunça hereket edýän awtobus gidensoň, ikinji 16 nomerli awtobus 20 minut wagty ara salyp-salmazdan gelýärdi. Indi şu aralyk 45-50 minuda çenli uzady. Bu aç-açan duýulýan ýagdaý” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri paýtagtda mundan 15-20 ýyl öňki ýagdaý bilen deňeşdirilende, jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň belli bir derejede gowulaşandygyny, soňky ýyllarda şäherdäki awtobuslaryň sanynyň 150-ä golaýlandygyny aýdýarlar.

Emma şol bir wagtda ýaşaýjylar ýol abatlaýyş işleri ýa-da köpçülikleýin çärelere jemgyýetçilik transportlarynyň çekilmegi sebäpli, awtobus gatnawlarynyň ýygy-ýygydan üýtgedilmeginden, olaryň gatnaw sanynyň azaldylmagyndan nägile bolýarlar.

Özüni Geldi aga diýip tanyşdyran Aşgabadyň ýaşaýjysy bu ýagdaýlar sebäpli ilatyň gyşyň sowugynda we tomsuň jokrama yssysynda dürli kösençliklere sezewar bolýandygyny aýdýar.

“Häzir şäherde howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan hem aşýar. Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda awtobusa tas bir sagat garaşmaly bolýarys. Bir awtobus gelse, indiki awtobusa garaşmak köp wagt alar diýip, hemmeler tizden-tiz oňa ylgap münjek bolýar, goh-galmagalam bolýar. Ýol ugruna düzediläýmeli kemçilikler-de düzedilmeýär. Garamaýak halkyň aladasyny edýän ýok” diýip, 64 ýaşyndaky Geldi aga aýdýar.

Ol paýtagtda hereket edýän sary reňkdäki döwlet taksileriniň tölegleriniň, ýönekeý ilatyň güýç ýeterinden örän uludygyny, ýaşaýjylar üçin başga elýeterli transport alternatiwasynyň ýokdugyny sözüniň üstüne goşdy.

Paýtagtda jemgyýetçilik awtobus gatnawlarynyň özara ýygylygynyň azalmagy we onuň sebäpleri barada Azatlyk Radiosyna Aşgabat şäher häkimliginden we Türkmenistanyň Awtoulaglar ministrliginden haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Emma Aşgabadyň 6-njy mikroraýonynda şäher içinde gatnaýan marşrut awtobuslarynyň duralgasynyň käbir işgärleri bu ýagdaýyň sebäplerini paýtagtdaky awtobuslaryň onlarçasynyň könelmegi we olaryň käbir tehniki şaýlarynyň hatardan çykmagy bilen düşündirýärler.

“Bu duralgada öň şäher içinde gatnaýan awtobuslaryň onlarçasy dur. Ýöne bularyň aglabasy tehniki näsazlyk sebäpli öz gatnaýan ugruna çykyp bilenok. Bularyň ählisi daşary ýurtlardan satyn alnan awtobuslar bolup, häzir olaryň ätiýaçlyk şaýlary ýurduň içinde tapdyrmaýar. Bu barada döwlet resmileri tarapyndan hem häzirlikçe hiç hili çäre görlenok” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran bu duralganyň jogapkär inženerleriniň biri aýtdy.

Türkmenistanyň ençeme welaýatdyr şäherlerinde jemgyýetçilik transport gatnawynyň ilatyň talabyny kada laýyk ödemeýändigini, awtobuslaryň gatnaw ýygylygynyň örän seýrekdigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi aýdýar.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň awtomobil öndüriji korporasiýasynyň arasynda öňden baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, türkmen hökümetiniň şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gabatlap, 2017-nji ýylyň ortalaryna çenli 500 sany awtobusy satyn almagy göz öňünde tutýandygy habar berlipdi.

Mundanam başga, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň resmi mediasy Aziýa oýunlary döwründe daşary döwletlerden geljek myhmanlar we ýurduň ilaty üçin awtotransport gatnawyny gowulandyrmak maksady bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite karara gol goýandygyny mälim edipdi.

Bu karara laýyklykda, hytaý kompaniýasyndan 40 uly awtobusyň, 50 sany orta ululykdaky awtobusyň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynjakdygy yglan edilipdi.

Şeýle-de, Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasyndan 50 mikroawtobusyň, 200 ýeňil awtomobiliň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynjakdygy bellenilipdi. Emma türkmen hökümetiniň ýokarda agzalan transport serişdelerini satyn alnyp-almandygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG