Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemtsowy öldürmekde aýyplanan bäş adama höküm çykaryldy


Boris Nemtsowy öldürmekde aýyplanan Anzor Gubaşew we Zaur Dadaýew, Moskwanyň harby sudy, 13-nji iýul, 2017
Boris Nemtsowy öldürmekde aýyplanan Anzor Gubaşew we Zaur Dadaýew, Moskwanyň harby sudy, 13-nji iýul, 2017

13-nji iýulda Orsýetiň sudy oppozision syýasatçy Boris Nemtsowy öldürmekde aýyplanan bäş adamy 11 we 20 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

Nemtsowy atyp öldüren Zaur Dadaýew 20 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi.

12-nji iýulda prokurorlar Dadaýewiň ömürlik tussaglyga höküm edilmegini sorapdy.

Sud Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionyndan bolan bäş adam babatynda aýyplamany 29-njy iýunda çykarypdy. Olaryň ählisi aýyplamalary ret edýär.

Bu iş boýunça geçýän altynjy adam Ruslan Muhudinow Nemtsowy öldürmegi gurnamak bilen baglylykda gaýybana sud edildi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Kreml tarapyndan goýlan Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň açyk tankytçysy reformaçy Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kremliň golaýynda köprüden geçip barýarka atylyp öldürilipdi.

Nemtsowyň garyndaşlary we hossarlary onuň öldürilmegi üçin ýokardan görkezme berlendigini hasap edýärler.

XS
SM
MD
LG