Sepleriň elýeterliligi

Çeçen prezidenti Kadyrow Nemtsowy öldürmekde aýyplanan çeçenleriň türmä höküm edilmegini ýazgardy


Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow

Çeçenistanyň Kreml tarapyndan bellenen ýolbaşçysy Ramzan Kadyrow bäş çeçenistanlynyň 2015-nji ýylda orsýetli oppozision syýasatçy Boris Nemtsowy öldürmekde günälenip türmä höküm edilmegini tankyt etdi.

Çeçenistanyň hökümetiniň resmi websaýtynda çap bolan maglumata görä, Kadyrow 13-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda agzalan bäş adama “şübheli subutnamalaryň” esasynda iş kesilendigini aýtdy.

Habar berilişine görä, Kadyrow prokurorlaryň Zaur Dadaýewe ömürlik türme tussaglygyny soramagyna özüniň geň galandygyny aýdyp, şuňa meňzeş işler boýunça şeýle jezanyň ulanylmagynyň öz ýadyna düşmeýändigini belläpdir.

Maslahatyň yzýany peýda bolan wideoda Kadyrow Nemtsowy öldürmekde aýyplanyp, türmä höküm edilen çeçenistanlylary “doly bigünä” adamlar diýip atlandyrdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Kreml tarapyndan goýlan Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň açyk tankytçysy bolan reformaçy Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kremliň golaýynda köprüden geçip barýarka atylyp öldürilipdi.

Kadyrowyň howpsuzlyk güýçleri bilen gatnaşygy bolan bäş çeçenistanly 13-nji iýulda Moskwanyň harby sudy tarapyndan 11 we 20 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.

Şeýle-de, Kadyrow Orsýetiň şäherlerinde çeçenleriň we beýleki kawkazlylaryň öldürilmegi bilen bagly ýagdaýlara adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler tarapyndan üns berilmeýändigini aýtdy.

Şu hepdäniň başynda “Amnesty International” guramasy Çeçenistanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýanwar aýynda 27 adamy öldürendigi hakynda “Nowaýa Gazeta” neşriniň çap eden maglumaty boýunça derňew geçirmäge çagyrdy.

Kreml tarapyndan bellenen çeçen prezidenti Ramzan Kadyrowyň howpsuzlyk güýçleri ençeme ýylyň dowamynda adam hukuklaryny gödek depelemekde, şol sanda adamlary ogurlamak, gynamak we öldürmek ýaly jenaýatçylyklara baş goşmakda aýyplanýarlar.

XS
SM
MD
LG