Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow MHM-niň başlygy Baýramowa üçünji käýinjini berdi


Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramow, "Türkmenistanyň Hronikasy" websaýtynyň fotosuraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowa berk käýinç yglan etdi diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

Bu käýinç hökümet agzalarynyň dynç alýan wagtynda, Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky ykdysady kynçlyklar, maliýe, pul meseleleri zerarly bank ýolbaşçylaryna berlen käýinçleriň yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet baştutanynyň gol çeken buýrugynda aýdylmagyna görä, Baýramow “wezipe-borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işgärleriniň arasynda düzgün-nyzamyň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadypdyr”.

Döwlet eýeçilgindäki TW-niň habarynda bu käýinç barada şundan başga zat aýdylmaýar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň berýän maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow Aziadany geçirmek üçin gurply adamlardan, şol sanda telekeçilerden serişde toplamak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligi sebäpli, güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerinden lapykeç bolmagynda galýar.

Ýatladýarys, Azatlyk radiosy Türkmenistanda maý aýynyň başynda turan korrupsiýa galmagaly, ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň işden boşadylyşy we soňky ykbaly, içeri işlen ministri Isgender Mulikowa berlen berk käýinç, onuň nädip wezipede saklanyşy we soňky ýagdaýlary barada öz wagtynda habar berdi.

Resmi habarlardan görnüşine görä, prezidentiň güýç gurluşlarynyň işinden nägileligi onlarça kanun goraýjy işgäriň we beýleki resmileriň jenaýatda aýyplanmagyna we türmä basylmagyna alyp geldi. Türkmen telewideniýesi olaryň özlerini we döwletiň haýryna geçirilen emläklerini görkezdi, ýöne bu kampaniýa netijesinde toplanan serişdäniň anyk möçberleri aýdylmady.

Emma muňa garamazdan, türkmen metbugaty golaýda Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça döredilen täze komitetiň işi, ýene onlarça resminiň tussag edilendigi, olaryň alan paralary hakynda maglumat berdi. Şol bir wagtda ýene tutulan adamlaryň konfiskasiýa edilen emläkleriniň umumy möçberleri aýdylmady we bu ýagdaý Aziada üçin näçe serişde toplanandygyny anyklamaga mümkinçilik bermeýär.

Eýsem şu aralykda, hökümetiň dynç alýan wagtynda, birden milli howpsuzlyk ministrine berk käýinç berilmeginiň anyk nähili sebäpleri bolup biler?

Adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçynyň pikirine görä, korrupsiýa garşy döredilen täze guramanyň başlygy, polkownik Mämmethan Çakyýewiň gysga wagtda prezidentiň beren tabşyrygy esasynda bitiren işleri we döwletiň haýryna toplan serişdeleri galan üç guramanyň, Baş prokuraturanyň, IIM-niň we MHM-niň bilelikde, ençeme aýda bitiren işlerinden has netijeli bolup çykdy. “Bu ýagdaý prezidentiň öz esasy bil baglýan ministrleriniň birinden has-da göwnüni geçirip biler” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi golaýda IIM-niň başlygynyň, saglyk ýagdaýy sebäpli, işden çekilmäge synanyşandygyny habar berdi. Mälim bolşy ýaly, Isgender Mulikow soňky aýlarda iki sany berk käýinç alypdy.

Eýsem Baýramowa ýurtdaky maliýe-pul meseleleri sebäpli bank ýolbaşçylaryna berlen käýinjiň yz ýanyndan berlen käýinç ýakyn wagtda MHM-niň başlygynyň hem çalşyryljagyny aňladyp bilermi?

Prezident Berdimuhamedow Baýramowdan öň MHM-niň dört ministrini işden boşatdy, olaryň soňkusy - Güýçgeldi Hojaberdiýew wezipesinden “saglyk ýagdaýlary sebäpli” aýryldy.

MHM-niň başlyklygyna 2016-njy ýylyň martynda bellenen Döwrangeldi Baýramow mundan öň oktýabr we noýabr aýlarynda hem käýinç alypdy. Bu käýinçler hem oňa “wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, ýolbaşçylyk edýän pudagynda tertip-düzgüne gözegçiligi gowşadanlygy üçin” berlipdi.

Şeýle-de oňa goýberen kemçiliklerini gysga wagtda düzetmek tabşyrylypdy. Ýöne ol prezident saýlawlaryndan soň hökümet täzeden düzülende öz ornunda galdyryldy.

Öňki prezident S.Nyýazow döwründe MHM-ä ýolbaşçylyk eden ministrleriň ikisi - Saparmyrat Seýidow we Muhammet Nazarow, onlarça howpsuzlyk ofiseri jenaýat etmekde aýyplanyp, türmä basyldy.

XS
SM
MD
LG