Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen žurnalistleri metbugat azatlygynyň kadalary bilen tanyş edildi


Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri resmi çärede, Aşgabat
Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri resmi çärede, Aşgabat

ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynda türkmenistanly žurnalistleriň hak-hukuklary boýunça iki günlük türgenleşik geçirildi.

Guramanyň resmi maglumatyna görä, 19-20-nji iýulda geçirilen çäre söz azatlygyna we žurnalistleriň maglumat ýygnamakdaky we ýaýratmakdaky jogapkärçiligine degişli halkara kadalaryna bagyşlanypdyr. Çäräni Horwatiýadan we Orsýet Federasiýasyndan baran bilermenler geçiripdir.

Maslahatda şahsy maglumatlaryň goralmagyna we töhmet bilen bagly konsepsiýa degişli meselä hem üns berlendigi aýdylýar.

ÝHHG-niň žurnalistleriň hukuklary boýunça geçiren iki günlük çäresine türkmen mediasynyň wekilleri bilen bilelikde baş suduň, şäher we etrap sudlarynyň sudýalarynyň, aklawçylaryň gatnaşandygy habar berilýär.

Türkmenistanda media serişdeleri döwletiň goly astynda hereket edýär. Ýurtda ýedi çemesi telekanal işleýär we 30 golaý gazet-žurnal çap edilýär.

Ýurtda resmi taýdan hususy diýlip kesgitlenen ýeke-täk neşir çapdan çykýar.

“Rysgal” gazeti Türkmenistanyň “Senagatçylar we telekeçiler” bileleşiginiň eýeçiliginde dolandyrylýar, 2010-njy ýyldan bäri rus we türkmen dillerinde çapdan çykýan bu gazetiň “hususy biznesiň hakyky ýol görkezijisi bolmalydygy” guramanyň resmimaglumatynda aýdylýar.

Adam hukuklaryny we žurnalistleri goraýjy guramalar Türkmenistanyň metbugat, söz azatlygyna yzygiderli basyş etmegini we ilatyň maglumat elýeterliligi çäklendirmeginiň tankyt edýärler we ýurtda metbugatyň ýagdaýyny Demirgazyk Koreýa bilen deňeşdirýärler.

Türkmenistan 2016-njy ýylda «Serhetsiz reportýorlar» guramasynyň metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 178-nji orny aldy we prezident Berdimuhamedow bu gurama tarapyndan «internetiň duşmany» diýlip yglan edildi.

Şu ýylyň mart aýynda Ýewropa Bileleşigi türkmen häkimiýetlerini Türkmenistanda iki ýyl bäri tussaglykda saklanýan Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewi tussaglykdan boşatmaga çagyrdy.

Geçen ýylyň aýagynda türkmen häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy Hudaýberdi Allaşowy tussag edip, birnäçe aýlap saklapdy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň resmi çagyryşlaryndan soň, türkmen häkimiýetleri Hudaýberdi Allaşowy we onuň ejesini şertli tussaglyga höküm edip, boşadypdy.

Azatlyk Radiosynyň baýry habarçysy Soltan Açylowa 2016-njy ýylyň noýabr aýynda üç gezek hüjüme sezewar edildi we urlup-ýenjildi.

XS
SM
MD
LG