Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky zäherlenmeler ýurduň alkogol problemasyna ünsi çekdi


Eýran polisiýasy konfiskasiýa edilen piwo gutularyny zyňýar. Tährän, 2009-njy ýyl

Eýranda adamlaryň alkogol içgilerinden köpçülikleýin zäherlenmegi we munuň bilen ilteşikli ölüm hadysalary ýurtda alkogol problemasyny ýüze çykardy. 1979-njy ýyldaky rewolýusiýadan soňra, yslam respublikasynda alkogolly içgiler gadagan edilse-de, bu gadagançylyk eýranlylaryň spirtli içgileri içmeginiň öňüni almakda şowsuz boldy.

23-nji iýulda Eýranyň mediasy ýurduň günortasyndaky Kerman welaýatynyň Sirjan şäherinde dördüsi ölüm howply bolan, jemi 92 adamyň alkogolly içgilerden zäherlenendigini habar berdi.

Zäherlenmeler bilen baglanşykly detallar, şol sanda onuň arabaglanyşygy bolup-bolmandygy heniz näbelli bolmagynda galýar. Emma Kerman welaýatynyň sud resmisi Ýadollah Mowahed “ISNA” habar agentligine beren interwýusynda, häkimiýetleriň alkogolly içgileri kimiň satandygyny aýdyňlaşdyrmagyň we olary tussag etmegiň üstünde işleýändigini gürrüň berdi.

Eýranda alkogolly içgi içmek gadagan edilip, ony içen adama gamçy we pul jerimesi salynýar. Bu ýagdaý gaýtalanan halatynda bolsa, ölüm jezasy hem berlip bilinýär.

Ýöne eýranlylaryň köpüsi içgi içýär. Olar ýa gymmatbaha daşary ýurtlardan gaçgak ýollardan getirlen içgileri, ýa-da gury üzümden ýasalan “arak sagi” diýilýän arzan ýerli içgini içýärler. Hristianlar bolsa gadagançylyga degişli bolman, olaryň öz şahsy ulanyşlary üçin alkogolly içgini almagyna we saklamagyna rugsat berilýär.

Soňky ýyllarda alkogolly içgileriň ulanşygynyň köpelmegi we arakhorlugyň artmagy barada resmi duýduryşlar artdy.

Şeýle-de, elde ýasalan alkogolly içgiler sebäpli ölýän adamlar barada mediada çykýan habarlar hem artdy. Meselem, 2013-nji ýylda ýurduň günortasyndaky Rafsanjan şäherinde elde ýasalan alkogolly içgiler sebäpli ýedi adam ýogaldy we onlarçasy keselhana düşdi.

Iki müň serhoş

Geçen ýylyň sentýabrynda Eýranyň “Fararu.com” atly täzelikler saýty döwlet Saglyk guramasynyň neşe serişdeleriniň ulanylyşy we onuň öňüni almak boýunça deputaty Mohsen Roshenpajooha salgylanyp, guramanyň ýurtda alkogolly içgileriň ulanylyşynyň garaşylandan köp derejedediginiň üstüni açandygyny habar berdi.

“Yslamy we kanuny düzgünler sebäpli alkogolly içgileriň sarp edilişi az hasap edilýärdi, ýöne ýurtda alkogolly içgileriň ulanşygy garaşylandan köp” diýip, Roshenpajooh anyk maglumat bermezden gürrüň berdi.

2014-nji ýylda Eýranyň mediasy arakhorlaryň bejerilmegi üçin ýurtdaky ilkinji merkeziň paýtagt Tähranda açylandygyny habar berdi.

Soňra Eýranyň Saglyk ministrliginiň neşe serişdeleriniň ulanyşy baradaky bölüminiň başlygy Alireza Norouzi ministrligiň “aýakda alkogol reabilitasiýasy” üçin 150 sany merkezi gurmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosyna bu planlaryň ýerine ýetirlip-ýetirilmändigini garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.

“Mehr” habar agentliginiň maglumatyna görä, 2013-nji ýylda Eýranyň polisiýa gullugynyň başlygy Esmail Ahmadi Moghadam ýurtda 200 ýüz müň çemesi eýranlynyň arakhordygyny aýdypdyr.

Resmi belliklere görä, arakhorlaryň sany aýdylýan sandan has köp bolup biler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (Radio Farda) 2015-nji ýylda çap eden habarynda, saglyk ministriniň orunbasary Ali Akbar Saýari Eýranda her ýyl 420 million litr alkogolly içgileriň sarp edilýändigini aýdypdyr.

Prokuror Abbas Ali Jafari geçen ýylyň on aýynyň dowamynda 300 müň daşary ýurtly alkogolly çüýşäniň we 200 müň litr ýerli distisirlenen (arassa) alkogolyň Tähranda ele geçirilendigini aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG