Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri öz raketalarynyň indi ABŞ-a baryp ýetjegini aýdýar


Demirgazyk Koreýanyň lidreri Kim Jong Un raketa synagynyň 'üstünlikli geçmegini' baýram edýär.
Demirgazyk Koreýanyň lidreri Kim Jong Un raketa synagynyň 'üstünlikli geçmegini' baýram edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýurdy goramak üçin “ähli zerur çäräni görjekdigini” wada bermegi bilen, Demirgazyk Koreýanyň lidreri Kim Jong Un 29-njy iýulda indi tutuş ABŞ topragynyň öz kontinentalara ballistik raketalarynyň ýetip biljek çägindedigini aýtdy.

Kimiň beýanaty Demirgazyk Koreýanyň döwlet habar gullugy tarapyndan, Phenýan özüniň ikinji kontinentalara ballistik raketasyny synag edeninden bir gün soň efire berildi.

Resmiler bu raketanyň birinji raketa garanda hem daş aralyga ýetendigini aýtdylar we ekspertler onuň Los Anjels, Çikago ýaly uzaklyga hem ýetip biljegini belleýärler.

Kim bu sanagyň “örän üstünlikli” bolandygyny aýtdy we onuň öz maksadyna ýetmekde – ABŞ-ny ýadro ýaraglary bilen urup biler ýaly bolmakda uly ädim bolandygyny belledi.

Tramp biraz öň bu sanagyň “oýlanyşyksyz we howply” bolandygyny aýtdy hem-de Phenýana öz ambisiýalarynyň gaýtawul berilmegine getirjekdigini duýdurdy.

"Dünýä bu ýaraglar we synaglar bilen haýbat atmak Demirgazyk Koreýany mundan aňryk hem üzňeleşdirer, onuň ykdysadyýetini gowşadar, halkyny mahrumçylyga sezewar eder” diýip, Tramp aýtdy. "Birleşen Ştatlar özüniň Amerikan topragynyň, sebitdäki ýaranlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görer” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG