Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistandaky bilim problemasy: Synag okuw gollanmasynyň hili öwerlikli däl


Köçelerde köne okuw kitaplarynyň söwdasyna duş gelse bolýar, Türkmenistan

Türkmen hökümeti ýurtda kitap-neşir önümleriniň san we görnüş taýdan gitdigiçe köpelýändigi we umuman, bu ugruň güýçli depginde ösýändigi barada yzygiderli hasabat berýär.

Öz nobatynda garaşsyz synçylar, bilim pudagynyň işgärleri we okuwçylar ýurtda okuw kitaplarynyň ýetmezçiliginiň duýulýandygyny, şol sanda täze neşir edilýän kitaplaryň hiliniň pesdigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň okuw jaýlarynda umumy bilim-okuw kitaplarynyň, ylmy we çeperçilik neşirleriniň, şeýle-de daşary ýurt kitaplarynyň türkmen diline terjimeleriniň ýetmezçilik etmegi ýurtda berilýän bilimiň hiline erbet täsir ýetirýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri adýarlar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň bilim pudagyndaky problemalar barada “Jemgyýetçilik dialogy” atly garaşsyz proýekti bilen bilelikde taýýarlanan maglumatlary dykgatyňyza hödürlemegini dowam etdirýär. Bu maglumatlar türkmenistanly okuwçylar, mugallymlar we bilim pudagynyň işgärleri bilen geçirilen söhbetdeşliklere esaslanýar.

Türkmenistanly synçylar häzirki wagtda okuw jaýlary üçin okuw kitaplarynyň gowy kagyzda we reňkli görnüşde türkmen hem rus dillerinde çykarylýandygyny aýdýarlar, emma köp kitaplaryň ýüzünde häzire çenli “synag okuw gollanmasy” diýlen ýazgynyň saklanyp galýandygyny belleýärler.

Bu bolsa kitabyň üstünde henizem işlenilýändigini, şeýle-de onda käbir kemçilikleriň, ýalňyşlaryň we dawaly ýerleriň bolup bilýändigini aňladýar. Okuwçylar we mugallymlar şeýle kitaplar bilen işlemegiň örän kyndygyny aýdyp nägile bolýarlar. Köp ýalňyşlaryň, nätakyk maglumatlaryň duş gelýändigini, köplenç meselelere we mysallara kitapda çözgüdiň asla berilmeýändigini aýdýarlar. Okuw materialynyň düşündirilişiniň gowşakdygyny, logikanyň hem yzygiderliligiň ýetmezçilik edýändigini belleýärler we düşnüksiz maglumatlaryň duş gelýändigini aýdýar. Bu zatlaryň ählisi kadaly bilimiň berilmegine päsgel bolýar diýip, türkmenistanly synçylar aýdýarlar.

Aşgabadyň orta mekdebiniň 10-njy klas okuwçysy Maral şeýle gürrüň berýär: Gumanitar sapaklar boýunça temalar, umuman, düşnükli. Daşary ýurtlaryň taryhy boýunça artykmaç seneler we atlar köp. Emma fizika boýunça näçe okasaň-da , düýpden düşnüksiz. Himiýa boýunça 10 klas üçin okuw kitabyny çap edip ýetişmändirler, mugallymyň konspekti boýunça okaýarys. Algebra boýunça ýalňyş, nätakyklyk köp, mysallar üçin jogaplaryň köpüsi ýok. Biologiýa boýunça hem düşünmek kyndy - kletkanyň gurluşyny, genetikany. Türkmen dilinde bu sapaklar boýunça okamak düýpden mümkin däl – umumy ylmy terminler entek ýok – hatda käbir mugallymlara-da düşnükli däl. Ählisi özleriniň köne konspektlerini we okuw kitaplaryny ulanýarlar.

Käwagt okuw kitaplarynda, aýratyn hem, gumanitar derslerden, barlanmadyk ýa-da doly ynamdar bolmadyk maglumatlar duş gelýär. Şeýle kitaplar şol ugurdan iri alymlaryň gatnaşmagynda üstünde işlenilmegini talap edýär diýip, “Jemgyýetçilik dialogy” atly garaşsyz proýektiň gatnaşyjylary hasap edýärler.

Şeýle-de, täze we doly işlenen okuw kitaplarynyň gutarnykly görnüşi ýetmezçilik edýärkä, öň ulanylan kitaplaryň tas ählisiniň okuw programmasyndan aýrylandygy bellenýär.

XS
SM
MD
LG