Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň baş ruhany lideri Rohaniniň prezident bolmagyny resmi taýdan tassyklady


Eýranyň baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hamenei Hassan Rohaniniň ýurduň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyny resmi taýdan tassyklady, Tähran, 3-nji awgust, 2017.

Eýranyň baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hamenei Hassan Rohaniniň ýurduň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyny resmi taýdan tassyklady.

“Siziň respublikanyň prezidenti wezipesine saýlanmagyňyzy we bellenmegiňizi tassyklaýaryn” diýip, Hamenei 3-nji awgustda Tähranda ýurt resmileriniň we daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen dabarada aýtdy.

Özüni aram syýasatçy diýip atlandyrýan 68 ýaşly Rohani maý aýynda ikinji möhlete geçmek ugrunda ýeňiş gazanypdy.

Tährandaky dabara gatnaşanlaryň arasynda prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga rugsat berilmedik öňki prezident Mahmud Ahmadinejad , Rohaniniň saýlawlardaky esasy bäsdeşi berk syýasatyň tarapdary dinçi Ebrahim Raisi bardy.

Rohani eden çykyşynda bütewülige çagyrdy.

“Men ýurdumyzyň has beýik bolmagyny isleýänleriň ählisine gol uzadýaryn” diýip, Rohani aýtdy. Şeýle-de ol “biz hiç wagtda üzňeligi kabul etmeris” diýdi.

Rohani Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmegi we oňa garşy halkara sanksiýalarynyň gowşadylmagy barada Tähranyň dünýäniň täsirli alty ýurdy bilen baglaşan ýadro ylalaşygyny agzap, “ýadro ylalaşygy Eýranyň halkara sahnasyndaky hoşniýetliliginiň alamatydyr” diýdi.

5-nji awgustda Rohani Eýranyň parlamentinde kasam eder.

XS
SM
MD
LG